Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan prezidentiň ygtyýarlygyny artdyrýan Konstitusiýany kabul etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda prezidentiň ygtyýarlygyny artdyrýan Konstitusiýa kabul edildi.

Türkmenistanyň Baş kanunynyň taslamasynyň 14-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýaşulular maslahatynda Mejlisiň agzalary tarapyndan biragyzdan makullanandygyny we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilendigini türkmen mediasy habar berdi.

Türkmen resmileri täze Konstitusiýanyň kanunyň hökmurowanlygynyň, raýatlaryň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň kepilnamasy bolup durýandygyny yglan etdiler.

Türkmenistanyň Konstitusion komissiýasynyň iki ýylyň dowamynda işläp düzen Baş kanuny prezidentlik möhletini ýedi ýyla çenli uzaltmak, prezidentlige dalaş edýäniň 70-den ybarat ozalky ýaş çäklendirmesini ýatyrmak ýaly düzgünleri kanunlaşdyrýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Türkmenistanyň täze Baş kanunynyň mazmuny boýunça çap eden 73 sahypalyk kommentariýasynda ony halkara standartlaryna golaýlatmak nukdaý nazaryndan onlarça bellik etdi we maddalar boýunça anyk maslahatlary berdi.

Türkmenistanyň 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen öňki Konstitusiýasyna mundan ozal 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji we 2008-nji ýyllarda düzediş girizilipdi.

XS
SM
MD
LG