Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Myhmany az' Aşgabatda $2,2 milliardlyk aeroport açyldy


Aşgabatda $2,2 milliardlyk aeroport açyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:42 0:00

Aşgabatda $2,2 milliardlyk aeroport açyldy

Aşgabatda şu gün bahasy iki milliard amerikan dollaryndan hem geçýän täze halkara aeroport açylyp, ulanmaga berildi.

Türkmen telewideniýesi 16-njy sentýabrda türkmen lideriniň bu dabara daşary ýurtlardan Aşgabada gelen biznes wekillerini hem çagyrandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aeroportuň açylyş dabarasynda sözlän sözünde täze aeroportyň iň döwrebap aerougrukdyryş tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandygyny we kontinent hem kontinentara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berjekdigini aýtdy.

Aşgabadyň täze aeroportyna açylyş dabarasynda, esasy ýolagçy terminalynyň üçeginde şekillendirilen iň uly haly göli ornamenti üçin Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasy hem gowşuryldy.

Aýdylmagyna görä, bu ornamentiň ölçegi 705 inedördül metrden ybarat.

Türkmen metbugatynyň maglumatlaryna görä, täze howa menziliniň açylyş dabarasyna halkara we regional guramalarynyň wekilleri, şol sanda Howa transportynyň halkara birleşiginiň, Döwletara awiasiýa komitetiniň, Awtoulag transportynyň halkara birleşiginiň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, Aziýanyň Olimpia geňeşiniň, Okeaniýa ýurtlarynyň milli olimpia komitetiniň we beýlekileriň wekilleri çagyryldy. Mundanam başga, açylyş dabarasyna dünýäniň 25 ýurdunyň awiakompaniýalarynyň we awiasiýa gulluklarynyň wekilleriniň gatnaşandygy aýdylýar.

AP habar gullugy, Aşgabady “az myhmanly” atlandyrmak bilen, Türkmenistanyň uçýan laçyn şekilindäki täze terminalynyň bahasynyň $2.3 milliarddygyny habar berýär.

Şeýle-de, bu habar gullugy täze uçar menziliniň her sagatda azyndan 1600 ýolagça hyzmat hyzmat etmäge niýetlenendigini aýdyp, Türkmenistandaky berk wiza düzgünleri zerarly bu ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň juda azdygyny ýatladýar.

Azatlyk radiosynyň ýerli çeşmeleriniň beren maglumatlaryna görä, açylyş dabarasyna gatnaşmaga borçly edilen ýüzlerçe býujet işgäri, studentler we beýlekiler ir säherden dabaranyň geçjek ýerine geldiler.

Täze howa menziliniň açylyş dabarasy Aşgabatda ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça geçiriljek Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna ylaýyk bir ýyl galanda tutuldy we bu sene mynasybetli "Aşgabat" stadionynda uly baýramçylyk konserti bilen utgaşdy.

Türkmen paýtagtyndaky täze aeroporty Türkiýäniň «Polimeks» kompaniýasy gurdy.

Ozal bu kompaniýa Aşgabatda Bitaraplyk diňini (Halk içinde "Üçaýak" diýlip atlandyrylýar), Olimpia şäherçesini, Aşgabadyň telewizion diňini, Türkmenbaşydaky halkara aeroporty gurupdy diýip, rus habar gullugy ýazýar.

«Polimeks» gurluşyk kompaniýasynyň saýtynda berlen maglumata görä, täze aeroport türkmen döwletine 2,2 milliard dollara düşüpdir.

XS
SM
MD
LG