Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzlylar un gytçylygyndan kösenýär


Dükanlarda un satylmansoň, demrigazyk welaýatyň ilaty Görogly etrabyna baryp, öz öz iýjek ununy indi gös-göni zawoddan satyn almaly bolýar.
Dükanlarda un satylmansoň, demrigazyk welaýatyň ilaty Görogly etrabyna baryp, öz öz iýjek ununy indi gös-göni zawoddan satyn almaly bolýar.

Soňky on günde Daşoguzyň etraplarynyň aglabasynyň bazardyr-dükanlarynda Türkmenistanda öndürilen un tapdyrmaýar. Munuň sebäbi Köneürgençdäki un zawodynyň sandan çykmagy bilen baglanyşdyrylýar. Zawodda un çykmansoň, welaýatyň dükanlarynyň we bazarlarynyň köpüsinde un tapdyrmaýandygy aýdylýar.

Dükanlarda un satylmansoň, demrigazyk welaýatyň ilaty Görogly etrabyna baryp, öz iýjek ununy indi gös-göni zawoddan satyn almaly bolýar.

Emma, onlarça kilometr ýoly söküp Görogly etrabyndaky un zawodyna baranyň bilen hem un satyn alyp biljegiň gümana. Sebäbi un goýberilýän söwda nokadynyň öňünde her gün onlarça adamdan ybarat uzyn nobat döreýär. Has uzakdaky etraplardan gelýän adamlar, öz nobatlary ýetýänçä tutuş gijäni zawodyň öňünde geçirmeli bolýandyklaryny gürrüň berýärler.

“Bu günler nobatlar has hem uzaldy. Sebäbi mundan iki gün öň on günlük ýygan pagtamyzyň puly berildi. Biziň nobatymyz ýetýänçä tutuş gijäni şu ýerde geçirmeli bolýarys” diýip, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan 140 kilometr aralygy söküp gelen kärendeçi Begenç aga Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Galyberse-de, un nobaty uly bolansoň, satylýan unuň möçberine çäklendirilme girizilip başlandy. Ýagny, indi her maşgala bir haltadan artyk un satylmaýar. Üssesine-de, 50 manatdan berilýän 50 kilogramlyk 1 halta uny satyn almak üçin: ýaşaýan ýeriňden güwanama hem-de pasportyňy görkezmeli bolýar.

Nobatyna garaşyp duran 60 ýaşlaryndaky Begenç aga häzirki ýaly ýagdaýa diňe 1990-njy ýyllaryň başlarynda şaýat bolandygyny aýdyp, öz howatyrlanmasyny bildirýär: “Bu gytçylyk, bu nobatlar... 1993-95-nji ýyllardaky açlyk döwri şeýle bolupdy”.

Başda belläp geçişimiz ýaly, ýerli häkimiýetler unuň dükanlaryň tekjelerinden ýitirim bolmagyny Köneürgençdäki un zawodynyň işiniň näsazlyk sebäpli 25-nji awgustdan bäri durzulandygy bilen düşündirýärler.

Emma ýerli adamlar welaýatyň her bir etrabynda diýen ýaly un zawodynyň bardygyny, diňe onuň biriniň sandan çykany bilen tutuş Daşoguz welaýatynda un gytçylygynyň döräp biljekdigini sorag astyna alýarlar.

“Biziň Boldumsazymyzda hem un zawody bar. Emma, şonda-da 95 kilometri söküp ‘Göroglydaky zawoda baryp, uny alyň’ diýýärler. Şu ýyl ammardaky bugdaýyň möçberi-de gaty az. Un ýetmezçiligi has hem ýiti duýlup başlaýmasa...” diýip, Boldumsazyň bugdaý ammarnyň jogapkär işgäri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şol bir wagtda-da ýurduň özünde öndürilen un ýetmezçilik etse-de, Daşoguzyň bazardyr-dükanlarynda daşary ýurtlardan getirilýän unuň “näçe diýseň” bardygy aýdylýar.

“Gazak uny näçe diýseň bar. Onuň hili hem biziňkä görä gowy. Ýöne, onuň 1 haltasy üçin 190 manat tölemäge ýagdaýymyz ýok” diýip, Saparmyrat Nyýazow etrabynyň ýaşaýjysy Leýla daýza gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzda dörän unuň gytçylygy bilen baglylykda welaýat we etrap häkimliklerinden nähilidir bir kommentariý ýa düşündiriş almak synanyşyklary netije bermedi.

Sözümiziň soňunda ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri şu ýyl plan boýunça göz öňünde tutulan 1,6 million tonna galla hasylynyň ýygnalandygyny we netijede “ilatyň azyk howpsuzlygynyň” doly üpjün edilendigini uly dabara bilen buşlapdylar.

Ýöne ilaty milliondan hem geçýän Daşoguzyň häzir un gytçylygyndan çekýän kynçylyklary barada ne hökümet derejesinde, ne-de döwlet mediasynda dil ýarylýar.

XS
SM
MD
LG