Sepleriň elýeterliligi

Türkmen söwdegärleriniň gümrükdäki görgüleri


Daşary ýurda barýan türkmenistanlylar

Daşary ýurda barýan türkmenistanlylar

Türkmenistan garaşsyz bolandan soň Türkiýä dürli ugurlarda gatnawlar ýygjamlandy. Şeýlelikde, Türkiýe, ylaýta-da Stambul türkmen söwdagärleriň iň ýörgünli ýerine öwrüldi.

Azatlyk Radiosy bilen Stambulyň Atatürk adyndaky aeroporyntda gürrüňdeş bolan, howpsuzlyk sebäpli öz adynyň Soltan diýip tutulmagyny islän türkmen söwdagär zenany Aşgabat aeroportynda söwdagärleriň gümrük gullugynyň işgärleriniň proseduralary sebäpli kynçylyklara sezewar bolýandyklaryny aýdýar.

Söwdagär Soltan Aşgabat aeroportynda gümrükden geçmeli wagtynda, ol ýerdäki resmileriň zenan, ýaşuly ýa-da ýaşkiçi diýmän, baryna gaty gödek çemeleşýändigini, ýolagçylar bilen äsgermezçilikli äheňde gürleşýändiklerini, gaty köp garaşdyrýandyklaryny we eliňdäki goş-golamlary zyňyşdyryp, pytradyp taşlaýandygyny aýdýar. “Hawa, nirä barýarsyň? Näme äkidip barýarsyň? Hany bar ýüküňi dök şu ýere. Oduk-buduk sowgatjyk zadyň ýokmy? Daşary ýurda gatnaýan diýip gomparjak bolýaňmy? Hawa, onsoň näme edýäňiz daşary ýurtda? O taýda, näme alyp, näme satýaňyz? Kelläni agyrtman, bol basymrak” ýaly sözler aýdýarlar.

Söwdagär Soltan, daşary ýurda çykyp barýarka bir gümrük işgäriniň özüne eli bilen bir otagy görkezip: “Bar, şol taýda 30-50 dollar taşlap gaýt. Onsoň geçersiň” diýendigini gürrüň berýär. Yzygiderli Stambula söwda gatnaýanlary gowy tanaýandygy üçin, Soltan şeýle ýagdaýyň öz tanyş-bilişleriniň hem başyndan geçýändigini aýdýar. Söwdagär Soltan daşary ýurda haryt alyp barýarkaň, gümrük işgärlerine para bermeli bolýandygy, eger para bermedik halatyňda äkidip barýan önümleriňi eliňden alyp galýandyklaryny aýdýar.

Azatlyk Radiosy bilen Stambulyň Atatürk adyndaky aeroportda gürrüňdeş bolan. howpsuzlyk sebäpli öz adynyň Aýnabat diýip tutulmagyny islän başga bir türkmen söwdagär zenan bolsa, Aşgabadyň aeroportyndan daşary ýurda çykjak mahaly başdan geçirýän kynçylyklary barasynda şeýle diýýär: “Gümrükdakiler daşary ýurda yzgiderli söwda-satuwa gatnaýanlary häli-şindi görüp duransoň, gowy tanaýarlar. Eger Stambula azyk harytlaryny äkitmeýän bolsaň, ýagny ýanyňdaky ätiýaçlyk azygyňda iki-üç kilogram süýji-köke bilen iki-üç sany çörekden başga zadyň bolmasa, şolar üçin hökman 10 amerikan dollary möçberinde para bermäge mejbur edýärler. Meselem, Aşgabadyň aeroportyndaky gümrükden daşary ýurda gawun geçirjek bolsaň, oňa hökman 15 amerikan dollary möçberinde para beräýmeli, bolmasa eliňden alyp galýarlar”.

Azatlyk Radiosy Stambulyň Atatürk adyndaky aeroportda gürrüňdeş bolan söwdagärlerden gümrük gullugynyň işgärleriniň özlerinden alýan şeýle pullarynyň deregine bir resminama berip-bermeýändigini soranynda, söwdagär Soltan ol pullaryň para-peşgeş höküminde alynýandygyny, şol sebäpden döwletiň hasabyna geçmeýändigi üçin hiç hili resmi proseduranyň berjaý edilmeýändigini aýtdy.

Söwdagär Soltan Aşgabadyň aeroportynda gümrükde şeýle “düzgüniň” ýola goýanlardan munuň sebäbi soralanda, ol ýerdäki işgärleriň düşündiriş bermegiň deregine: “Bar, arzyň bar bolsa, islän ýeriňe ýetir. Bar, şol ýere goýmalyjaňy goýup gaýt, bolmasa harydyň gümrükden geçmez, olary taşlap gitmeli bolarsyň” diýip, haýbat atýandyklaryny belleýär.

Soltan söwda üçin Stambula gatnamaga başlan mahaly bir gezek gümrükdäki şeýle prosedura nägilelik bildirip, ýagdaýy aeroportdaky milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine aýdan mahaly olaryň “gümrükden geçjek bolsaň, gümrük gullugynyň işgärleri näme diýýän bolsa şony edäýmeli, gelneje” diýip, jogap berendigini ýatladýar. Söwdagär Soltan, ylaýta-da soňky bir ýarym aýyň dowamynda, Aşgabat aeropordyndaky proseduralaryň öňkülerden beter ýaramazlaşandygyna we gümrük işgärleriniň özlerini aç-açan para-peşgeş bermäge mejbur edýändigine üns çekýär.

Azatlyk Radiosy bilen Stambul aeropordynda gürrüňdeş bolan, özüni Aýna diýip tanadan başga bir söwdagär bolsa: “Stambuldan Aşgabada uçup baran mahalyň birden eliňde iki mobil telefony göräýse, şol telefon döwük, işlemeýänem bolsa, gümrük işgäri şonuň üçin 20 amerikan dollary möçberinde pul soraýar. Onsoňam gümrük işgärleri alýan puluna derek, hiç hili resminama hem berenok. Dogrusyny aýtsak, indi Aşgabadyň aeroportyndaky şeýle ýadýaý sebäpli Türkmenistandan Stambula gatnap söwda etmegiň bähbitli tarapy galmady diýen ýaly. Häzirki wagtda Aşgabat aeroportynda bermäge mejbur bolýan para-peşgeşlerimiz sebäpli Stambula getirýän arak, gawun, gök çaý, kolbasa we çörek önümleri ýaly türkmen harytlarymyzyň bahasy ýokarlandy. Indi olary gymmatlan bahadan satyn alýanam gaty azaldy. Meselem, 1 litr türkmen aragynyň bahasy öň 55 lira bolsa, häzir 70 lira. Ýarym litirlik türkmen aragy owal 15 liradan bolsa, häzir 25 lira satylýar. Gök çaýyň kilogramy owal 2 ýarym - 3 lira bolsa, indi 5-6 liradan satylýar. Türkmen petir çöregiň 2 sanysyny ozal 2 ýarym lira satyn alýan bolsalar, häzir 6 lira satylýar. Kakadylan kolbasanyň bir bölegi owal 4-5 dollardan bolsa, häzir 10 dollardan satylýar. Goýaldylan süýt önümi, ýagny sguşonkanyň bir gutusynyň bahasy 5 lira bolsa, indi 10 liradan satylýar.

Türkmen donlary owal 100 liradan satylýan bolsa, häzir 150-160 liradan satylýar. Bir türkmen tahýanyň bahasy owal 10 lirady, häzir 20-25 liradan satylýar. Zenanlaryň taýýar tikilen ýönekeý köýnekleri owal 10-15 lira bolsa, häzir 25-30 liradan satylýar” diýip, öz tejribelerini paýlaşýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan söwdegärleriň gürrüň beren ýagdaýlary boýunça Aşgabadyň aeroportynyň gümrük işärlerinden nähilidir bir kommentariý almak başartmady.

Ýatlap geçsek, Stambul saparlary Türkmenistan howa ýollarynyň iň ýörgünli uçuş nokadyny emele getirýär we her gün Aşgabat bilen Stambulyň arasynda iki uçar sapary amala aşyrylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG