Sepleriň elýeterliligi

Forum-18: Iýegowa şaýady türkmen sudunyň kararyna arz etdi


Prawoslaw kilisesi, Aşgabat.

Prawoslaw kilisesi, Aşgabat.

“Türkmenistanda bir ýyl türme tussaglygyna höküm edilen “Iýegowa şaýatlary” atly dini toparyň agzasy Mansur Mirşaripow özüne çykarylan karara gaýtadan seredilmegini sorap arz-şikaýat etdi” diýip, dini meseleler boýunça “Forum 18” agentligi habar berýär.

Düýbi Norwegiýada ýerleşýän “Forum 18” täzelikler agentliginiň Türkmenistanda dini azlyklaryň toparlaryna häkimiýetler tarapyndan görkezilýän gysyşlar barada, 21-nji sentýabrda çap eden nobatdaky maglumatyna görä, “Iýegowa şaýatlary” atly dini toparyň agzasy Mirşaripow 2016-njy ýylyň 30-njy iýunynda, Aşgabatda tussag edilip, Daşoguzyň deslapky tussaghanasyna eltilipdir. 18-nji awgustda ol bir ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

2014-nji ýylyň wakasy

“Forum 18” Mirşaripowa 2014-nji ýylda polisiýa hüjüm etmekde günä bildirilendigini habar berýär we dinçä 2014-nji ýylyň iýul aýynda görkezilen gysyşlar barada şeýle maglumat berýär: “Polisiýa Mansur Mirşaripowyň öýüne reýd geçirdi, dini kitaplary elinden aldy (soň ýok edilipdir), ençeme gezek ony urup-ýençdi, Neşekeşleri bejerýän merkezde näbelli dermanly sanjymlara sezewar etdi (ol soň mundan gaçyp gutuldy). Ol 2016-njy ýylda saklanyp, bir ýyl türme tussaglygyna höküm edildi”.

32 ýaşly Mirşaripowyň “Iýegowa şaýatlary” topary boýunça dinçi ýoldaşlary onuň hiç bir bikanun hereket etmändigini we diňe öz dini ynanjy üçin hüjüme sezewar bolandygyny aýdýarlar’ diýip “Forum 18” öz maglumatynda belleýär.

Mirşaripowyň 2014-nji ýylda tussag edileninden soň başdan geçiren ýagdaýlary boýunça maglumatlaryň BMG-niň eden-etdilikli tutha-tutluklar boýunça işçi toparyna we Din hem wyždan azatlyklary boýunça ýörite hasabatçysyna tabşyrylandygy habar berilýär.

Neşekeşleri bejerýän merkezde Mirşaripowyň näbelli dermanlaryň agyryly sanjymlaryna sezewar bolandygy, soň onuň “öz janyndan we saglygyndan howatyrlanyp”, hassahanadan gaçyp gutulmagy başarandygy aýdylýar.

BMG-niň Gynamalara we beýleki rehimsizliklere garşy konwensiýasyna laýyklykda, Türkmenistan jenaýat kanunlarynyň esasynda gynamalara baş goşanlary tussag etmäge we sud etmäge borçly, emma Türkmenistanda adatça bolşy ýaly Mirşaripowyň gynalmagy boýunça-da hiç kim jogapkärçilige çekilmedi’ diýip, dini meseleler boýunça “Forum 18” agentligi öz maglumatynda ýazýar.

Din azatlygynyň kepilnamasy

Türkmenistanyň Baş kanuny, şeýle-de, 2016-njy ýylyň mart aýynda güýje giren “Din azatlygy we dini guramalar hakyndaky kanuny” dinleriň we ynançlaryň azatlygyny kepil geçýär. Özüni dünýewi, kanuny we demokratik döwlet hökmünde yglan eden Türkmenistan her bir raýatynyň dini ynanjyna garamazdan, deňligini ykrar edýändigini yglan edýär.

Halkara guramalarynyň we ABŞ-nyň hökümetiniň din azatlygy boýunça ýyllyk hasabatlarynda, Türkmenistan dini berk döwlet gözegçiliginde saklaýan ýurtlaryň biridigi bellenip, hasaba alnan guramalar batynda çäklendiriji düzgünleriň ýöredilýändigi, hasaba alynmadyk toparlaryň agzalarynyň bolsa, tussaglyk, gorkuzmalar we jerime ýaly jezalandyryjy çärelere yzygiderli sezewar edilýändigini belleýärler.

Türkmenistanyň 2010-njy ýylda BMG beren resmi hasabatyna görä, ýurtda hasaba alnan 123 guramadan, 100 çemesi sünni we şaýy musulmanlary, 13 gurama rus prawoslaw hristianlaryna degişli.

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasynyň (USCIRF) 2016-njy ýylda çap eden hasabatynda bellenişine görä, Türkmenistanda käbir dini toparlar hasaba durmak üçin, düzgünleriň çylşyrymlyly we nätakyk bolandygy sebäpli, hasaba durmakdan saklanýarlar, şol bir wagtda, şaýy musulmanlaryň, ermeni apostol kilisesiniň, käbir protestant toparlaryň we “Iýegowa şaýatlarynyň” resmi hasaba durmak üçin eden köp sanly ýüzlenmeleri ret edilipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG