Sepleriň elýeterliligi

Daşoguz: Okuwçylar pagta ýygymyna çekilýär


Türkmenistanyň pagta meýdanyndaky çagalar. Arhiwden

Türkmenistanyň pagta meýdanyndaky çagalar. Arhiwden

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda soňky günlerde mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýärler. Geçen dynç günleri ýurduň demirgazyk welaýatynyň pagta meýdanlarynda kärendiçiler bilen birlikde bilini büküp pagta ýygyp ýören ýokary klas okuwçylaryny görse bolýardy. Bu ýagdaý Berdimuhamedow welaýatdaky pagta ýygym kampaniýasynyň depginini tankyt edip, nägilelik bildirensoň ýüze çykdy.

Azatlyk Radiosy bilen sosial ulgamlar arkaly habarlaşan okuwçylar özleriniň mekdep ýolbaşçylary tarapyndan pagta ýygmaga mejbur edilýändiklerini gürrüň berýärler.

“5-nji klasdan ýokary okuwçylara hepdäniň soňunda ‘pagta çykyň’ diýip tabşyrdylar. Boýun bolmasak, alajymyz ýok. Her günümize 2 manat tölediler” diýip, pagta meýdanlaryna çykarylan Köneürgenç etrabynyň 30-njy mekdebiniň okuwçysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Mekdep okuwçylarynyň birden pagta meýdanlaryna sürülmegi ozal býujet işgärleriniň deregine pagta ýygýan hakynatutma günlükçileriň indi pagta ýygmakdan ýüz öwürýändigi bilen düşündirilýär.

“Başga bir adamy hakyna tutmaga pulumyz ýok. Ozallar gününe 10 manat töläp, günlükçi tutýardyk. Indi iki aýdan bäri aýlyk berilmeýär. Şol sebäpli býujet edaralarynyň işgärleriniň ýerine okuwçylary pagta çykarmaly etdiler” diýip, Köneürgenjiň 18-nji mekdebiniň mugallymlarynyň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Daşoguzlylaryň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, ýokarky ýaly ýagdaýlar welaýatyň Boldumsaz, Gubadag, Akdepe, Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynda hem ýüz berýär.

Şol bir wagtda-da, Daşoguzyň mekdep okuwçylarynyň köpçülikleýin ýagdaýda pagta çykarylmagy bilen birlikde, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu welaýatdaky pagta ýygym kampaniýasynyň depgininiň pesliginden nägilelik bildirdi.

26-njy sentýabrda prezident degişli ýolbaşçylara pagta ýygymyndaky haýal-ýagallyk bilen bagly kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça ýörite çäreleri görmek barada görkezme berdi.

Emma prezidentiň tabşyrygynda mekdep okuwçylaryny pagta ýygymyna gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýarmy ýa-da ýok – bu aýdyňlaşdyrylmaýar. Galyberse-de, umuman, agzalýan görkezmäniň mazmuny köpçülige näbelli bolup galýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri pagta meýdanlarynda ozal giňden ulanylan çaga zähmetine garşy käbir çäreleri durmuşa geçiren ýaly bolup görnüpdiler.

2005-nji ýylda öňki prezident Saparmyrat Nyýazow çaga zähmetini gadagan edýän kanuny kabul etse, 2008-nji ýylda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow çagalaryň we ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň oba-hojalyk işlerine çekilmegini gadagan edýän kanuna gol çekipdi.

Şeýle-de, 2010-njy ýylda ýurt Halkara zähmet guramasynyň çaga zähmetiniň iň erbet görnüşlerini gadagan etmek we aradan aýyrmak hakyndaky Konwensiýasyna goşuldy.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan “oňaýly ädimler” hökmünde garşylanan bu çärelerden soň, mekdep okuwçylaryny pagta meýdanlaryna köpçülikleýin çekmek bes edilse-de, ýurduň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda okuwçylaryň okuwdan boşadylyp, pagta äkidilýändigi baradaky maglumatlar häli-şindi gelip gowuşýardy.

Galyberse-de, şu ýylyň dowamynda halkara jemgyýetçilik guramalary Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminde adamlaryň mejbury zähmete çekilýändigini belläp, bu tejribäni tankyt astyna aldylar.

Türkmen häkimiýetleri her ýyl pagta ýygýan ýörite kombaýnlary satyn alýandyklaryny tekrarlaýarlar. Muňa garamazdan, pagta hasylynyň uly bölegi heniz hem el güýji bilen ýygnalýar.

Şu ýyl Türkmenistanda 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG