Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Aziýa oýunlary üçin “aýlyklaryň bir bölegi tutular”


Ýerli häkimiýetler “aýlygyňyzyň bir bölegini meýletin geçirýändigiňiz barada şu wagtdan arza ýazyp tabşyryň” diýip, görkezme beripdirler.
Ýerli häkimiýetler “aýlygyňyzyň bir bölegini meýletin geçirýändigiňiz barada şu wagtdan arza ýazyp tabşyryň” diýip, görkezme beripdirler.

Türkmenistanda döwletiň käbir edara-kärhanalaryndaky işgärleriniň, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlarynyň çykdajylary üçin, öz aýlyklaryndan bir bölegini bermeli boljakdyklary barada duýdurylandygy dogruda Türkmenistanyň dürli künjeklerinden maglumatlar gelip gowuşýar.

Lebabyň merkezi Türkmenabat şäheriniň çagalar baglarynyň birinde terbiýeçi bolup işleýän, özüni Nargiza diýip atlandyrmagy haýyş eden ildeşlerimiziň biri, öz işleýän ýerindäki tämizçileriň aýlygyndan [her aýda] 200 manat çemesi tutulyp alynýandygyny gürrüň berdi.

“Olaryň [tämizçileriň] bar aýlygy hem 560 manat çemesi. Onuň hem deň ýaryny Aziýa oýunlary diýip alyp galýarlar. Ol neresseler işini hem taşlap bilmeýärler. Başga garaşyp duran iş barmy?!” diýip, Nargiza Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.

Aziýa oýunlary üçin niýetlenip, 5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherjigi gurulýar.
Aziýa oýunlary üçin niýetlenip, 5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherjigi gurulýar.

Nargiza çagalar bagynyň direktorynyň indi terbiýeçileriň aýlyklaryndanam her aýda 200 manadyň tutulyp başlanjakdygyny duýdurandygyn habar berýär.

“Direktorymyz watanyň, prezidentiň... ýene nämäniň bähbidi üçin biziň aýlygymyzdan hem puluň tutulyp başlanjakdygyny aýtdy. Ozal hem aýlykdan-aýlyga zordan gün görýäris. Indi nädip ýaşamaly?” diýip, Nargiza Azatlyk Radiosynyň üsti bilen türkmen häkimiýetlerine adamlary ynjalykdan gaçyrýan möhüm sorag bilen ýüzlenýär.

Aşgabadyň banklarynyň birinde hasapçy bolup işleýän ildeşlerimiziň biri-de, öz adyny aýtmazlyk şerti bilen, agzalýan mesele bilen baglylykda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, öňümizdäki aýdan başlap bankyň süpüriji, garawul ýaly işgärleriniň zähmet haklaryndan her aýda 200 manat tutular. Ol bu pullaryň hem geljek ýyl geçiriljek Aziýa oýunlarynyň çykdajylary üçin alynýandygyny aýdýar.

Şol bir wagtda daşoguzly ildeşlerimiziň Azatlyk Radiosyna ýetiren habaryna görä, 27-nji awgustda welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda bilim işgärleri, mugallymlar çagyrylyp ýörite ýygnak geçirilip, onda awgustdan başlap aýlyklarynyň bir bölegini 2017-nji ýylda geçjek Aziýa oýunlary üçin bermeli boljakdyklary barada duýdurylypdyr.

Ýerli häkimiýetler ýygnaga gelenlere “aýlygyňyzyň bir bölegini meýletin geçirýändigiňiz barada şu wagtdan arza ýazyp tabşyryň” diýip, görkezme beripdirler.

Ýerli mekdepleriň biriniň direktorynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, häkimiýetler diňe bir geljekki aýlyklaryň bir bölegini tutmak bilen çäklenmän, eýse iki aýdan bäri tölenmän saklanyp gelinýän zähmet haklarynyň hem Aziýa oýunlarynyň çykdajylary üçin döwletiň hasabyna geçiriljekdigini habar beripdirler.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan mekdep direktory ýygnagyň dowamynda uly goh-galmagalyň ýüze çykandygyny, hatda ýagdaýlaryň welaýatdan gelen resmiler bilen ýakalaşmak derejesine çenli baryp ýetendigini aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, ilatyň aýlyk haklarynyň bir böleginiň Aziýa oýunlary üçin tutulyp başlanjakdygy barada ýurduň dürli welaýatlaryndan gelip gowuşýan maglumatlary türkmen häkimiýetlerine resmi derejede tassyklatmak başartmady.

Ýöne, belli bolşy ýaly, mundan öň hem Aziýa oýunlarynyň çykdajylary bilen baglylykda türkmenistanlylara “meýletin salgyt” salnypdy.

Ýakynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi öz agza-kärhanalaryndan Aziýa oýunlary üçin “meýletin” görnüşde pul goldawyny bermeli diýip, görkezme beripdi. Telekeçiler döwlet bilen baglaşan şertmanasyna görä, her aý girdejisinden 50 müňden 100 müň dollar aralygynda pul geçirmäge mejbur edilipdiler. Munuň netijesinde, käbir telekeçiler girdejiden beter zyýana galyp başlandyklaryny, netijede öz işlerini duruzmaly bolandyklary barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Türkmenistanda, hususan-da Aşgabatda Aziýa oýunlary üçin uly gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu oýunlar üçin niýetlenip, 5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherjigi gurulýar.

Ondan daşgary hem paýtagtda köçeleri we binalary abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu işler üçin döwlet býujetinden çykarylýan maliýe serişdeleri barada ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG