Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebookda 'türkmen prezidentine dil ýetirmek haýbaty' atyldy


Facebook suraty
Facebook suraty

Azatlyk Radiosynyň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasyna soňky günlerde diňleýjilerimizden gelen maglumatlaryň käbirinde öz pikirlerini açyk orta atýan, teswir ýazýan okyjylarymyza haýbatly hatlaryň gowuşyp başlandygy habar berilýär.

Facebookdaky okyjylarymyzyň biri özüne şeýle mazmunly hatyň gowşandygyny habar berip, hatyň nusgasyny ugratdy.

Hatyň mazmunynda şeýle diýilýär: “size duýduryş siziň 1 aýyň içinde Türkmenistana gelmelidigiňizi habar berýäris Türkmenistanyň Prezidentine dil ýetirmekde günäkärlenýäňiz ýazan sözleriňize jogap beriň soň boş siz ýogsa siziň türkmenistandaky garyndaşlaryňyz prokuratura ýygnatma kararyny çykarjak siz tapylýançaňyz!!!” (Hatyň stilistikasy doly saklady)

Azatlyk Radiosy bilen bu haty paýlaşan okyjymyz şeýle hatyň öz töweregindäki adamlara-da gowşandygyny habar berýär we “ýöne şeýle gorkuzyp ýör-de, ynanan adamlar hem bolar” diýip aladalanma bildirýär.

Okyjymyz haýbatly mazmunly hatyň özüne Türkmenistanyň konsullygynda işleýändigini görkezen Facebook ulanyjydan gelip gowşandygyny habar berdi we onuň adyny, suratyny görkezdi.

​Azatlyk Radiosy haýbatly duýduryş mazmunly bu haty iberýändigi aýdylýan adamyň ady we suraty boýunça Facebook ulanyjysyny tapdy we onuň bilen hat üsti habarlaşyp, onuň şeýle haty iberip-ibermändigini anyklamaga synanyşdy.

Biziň haýyşymyza jogap entek gelmänsoň, agzalan adamyň adyny görkezmekden saklandyk. Onuň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda hem Türkmenistanyň konsulhanasynda işleýär diýlip görkezilýär.

Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynda şeýle adamyň işläp-işlemeýändigini konsullygyň özünden häzirlikçe anyklap bolmady.

Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda aktiw pikir paýlaşan okyjylarymyz Türkmenistandaky ýagdaýlar barada tankydy garaýyşlardan saklanmagy maslahat beriji hatlaryň özlerine öňem gelip gowşandygyny habar beripdi.

XS
SM
MD
LG