Sepleriň elýeterliligi

Uçar biledini almak gaýtadan görgi bolýar


Täze uçar menzili

Täze uçar menzili

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedowyň «Türkmenhowaýollarynyň» başlygynyň orunbasary Taňryguly Gurbanmuhamedowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, wezipesinden boşatdy.

Mälim bolşy ýaly, sentýabryň ortasynda, täze uçar menzliniň dabaraly açylmagynyň öň ýanynda, «Rosawiasiýa» «Türkmenhowaýollarynyň» bergilerini bermeýändigini aýdyp, türkmen uçarlaryna hyzmat etmezlik haýbatyny atypdy.

Şu aralykda, 17-nji sentýabrda dabaraly açylan täze uçar menziliniň henizem işlemeýändigi, ikinji tarapdan, mundan birnäçe ýyl öň ýola goýlan bilet satmak düzgünleriniň gaýtadan ýaramazlaşýandygy barada habarlar gowuşýar.

Azatlyk radiosy bu ýagdaýlar barada ýerli synçy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG