Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene 30 owganlyny mugt okadar


Aşgabat, Türkmen döwlet uniwersiteti
Aşgabat, Türkmen döwlet uniwersiteti

Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa kabul ediljek daşary ýurt raýatlary barada maglumatberildi.

Metbugat habaryna görä, Türkmenistanyň hökümeti bilen Owgan Yslam respublikasynyň arasynda baglaşylan bilim şertnamasyna laýyklykda, 2016-2017-nji okuw ýylynda Owganystanyň 30 raýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky pedagogika institutynda tölegsizbir ýyllyk dil kurslaryna kabul edilmegi teklip edilýär.

Bu dil kurslaryny geçen ýyl tamamlan 26 owganystanly bolsa, Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna, şol sanda Halkara nebit-gaz uniwersitetine, Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Döwlet energetika institutyna we ady agzalan pedagogika institutyna kabul ediler.

XS
SM
MD
LG