Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Russiýa öz ilçihanasyna hüjüm edilendigini aýdýar


Russiýanyň Damaskdaky ilçihanasy.

Russiýanyň Damaskdaky ilçihanasy.

Russiýa özüniň Siriýanyň paýtagty Damaskdaky ilçihanasyna minomýot hüjüminiň edilendigini aýdýar. Bu, şu aý rus ilçihanasyna edilen şuňa meňzeş ikinji hüjümdir.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň 13-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, minomýot hüjümleriniň biri ilçihananyň öňündäki gözegçilik postunyň golaýynda, beýlekisi konsulhana edarasynyň girelgesiniň golaýynda partlapdyr.

Bu minomýot hüjümi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçlerine garşy göreşýän pitneçileriň kontrollyk edýän etrabyndan atyldy diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle-de, onda ilçihananyň işgärlerine hiç bir zeperiň ýetmändigi nygtalýar.

XS
SM
MD
LG