Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

TOPH: Yslam ösüş banky $700 million karz berer


Yslam ösüş bankynyň logosy
Yslam ösüş bankynyň logosy

Yslam ösüş banky (YÖB), Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan (TOPH) tebigy gaz geçirijisiniñ gurluşygy üçin, 700 million dollar möçberinde karz puly goýberer.

Munuñ bilen baglanyşykly şertnama, Halkara walýuta fondy bilen Bütindünýä bankynyñ Waşingtonda geçirilen güýzki geñeşinde gol çekilipdir.

Şertnama karz puly alýan höküminde Türkmenistanyň hökümetiniñ adyndan Halkara ykdysady gatnaşyklar baradaky döwlet banky gol çekipdir.

Türkmenistanyň halkara ykdysady garnaşyklar baradaky döwlet banky, hökumetiñ strategiýa taýdan ähmiýetli maksatnamalaryñ maliýeleşdirilmegi ugrunda, halkara bazarda daşary ýurt maýa goýumlaryna we uzak hem orta möhletli süýşürntgilerine wekilçilik edýär.

Bank şol bir wagtyñ özünde hem Yslam galkynyş bankynyñ Türkmenistandaky wekili hökmünde, ondan daşaryn beýleki dürli fondlaryñ hem türkmen hökümeti bilen bolan hyzmatdaşlyk işlerini amala aşyrýar.

2015-nji ýylyñ 13-nji dekabrynda başlanan TOPH gaz geçirijisiniñ uzynlygy takmynan 1814 km baryp bolar. Onuñ Türkmenistandan geçiriljek böleginiñ uzynlygy bolsa 214 kilometre deňdir.

Gecirjiniñ her ýyllyk güýji bolsa, 33 milliýard metrkubdyr. Gaz geçirjiniñ tutuşlygyna abadanlaşdyryş işleri bilen bilelikde 2019-njy ýylyñ dekabr aýynda doly tamamlanyp, ulanyşa girizilmegi göz öñünde tutulýar.

Şol bir wagtda, TOPH gaz geçirijisiniň amala aşmagyna Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň bökdençlik döredip biljekdigine üns çekilýär.

XS
SM
MD
LG