Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda internet bökdençligi döredi


Lebapda internet bökdençligi döredi.
Lebapda internet bökdençligi döredi.

Şu günler Lebap welaýatynda mobil operatorlary tarapyndan berilýän internet hyzmatlarynyň mümkinçilikleri çäklenýär. Bu ýagdaý hususan-da MTS-Türkmenistan mobil operatorynyň berýän internet hyzmatynda ýiti duýulýar.

MTS operatorynyň abonentleriniň aýtmagyna görä, soňky wagtlarda olaryň operatorynyň interneti has hem ýaramazlaşypdyr. Interneti indi proxy, ýagny kömekçi programmalaryň üsti bilen ulanmasaň, asla hiç hili ulanyp bolmaýandygyny aýdýarlar. Beýle ýagdaý internet ulanyjylary lapykeç edýär.

– MTS-iň interneti mundan 3-4 aý ozal örän gowydy. Ýöne welin soňky wagtlarda örän ýaramazlaşdy – diýip, 23 ýaşlaryndaky türkmenabatly Farhat aýdýar.

Farhadyň sözüne görä, MTS mobil operatorynyň Lebapda 3g mobil internet ulgamy bolmasa-da, mundan 3-4 aý ozal “Altyn asyr” mobil operatoryndan gowy işleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Internetiň ýaramaz işleýändigi barada we munuň sebäbini bilmek üçin, adamlar MTS-iň hyzmat ofislerine barýarlar. Ol ýerde oturan gyzlar internetiň ýaramaz işleýändigi bilen ylalaşsalar-da, sebäbiniň bilmeýändigini aýdýarlar we çykalga hökmünde kömekçi programmalaryň üsti bilen ulanyp görmegi müşderilerine maslahat berýärler.

Emeli hemra

Soňky wagtda ýaşlaryň arasynda iki operatoryňam müşderisi bolmaklyk adaty ýagdaýa öwürilip barýar. Bir operatoryň nomerini jaň üçin ulansalar, beýleki operatoryňkyny internet üçin ulanýarlar.

Soňky günlerde Türkmenabadyň töwereklerindäki käbir etraplarda eýýam iki hepde gowrak wagt bäri internetiň işleýişi örän ýaramazlygyna galýar we hemişeki bolşy ýaly, internetiň näme sebäpden işlemeýänligi barada hiç kimden hiç hili düşündiriş hem almak başartmaýar. Aýdylmagyna görä häzirki wagtda sosial programmalaryň üsti bilen ugradylan hat ençeme sagatda barýar ýa-da hijem gitmeýär.

Resmi mediada halky gyzyklandyrýan meseleler we onuň gündelik durmuşdaky aladalary barada o diýen bir kän zat aýdylmaýar. Emma welin emeli hemranyň uçuryljagy, uçurylyşy we onuň berjek mümkinçilikleri barada ençeme gezek gazet-žurnallarda, radio-telewideniýede gaýta-gaýta habarlar berlipdi.

Şele-de bolsa, emeli hemranyň uçurylmagy bilenem halkyň elindäki internetiň hiliniň pesligi ençeme adamda sorag döredýär. Ýeri gelende aýtsak, internet we telekommunikasiýa ulgamy boýunça gözegçilik edýän halkara guramalaryň bellemegine görä, Türkmenistana dünýäde iň gymmat we hili pes internetli ýurt hökmünde baha berilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda internetiň bir megabaýtynyň ortaça bahasy 10 teňňe hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG