Sepleriň elýeterliligi

HRW: Türkmen dissidentiniň doganynyň ölümi hopukdyrdy


HRW-niň logosy

HRW-niň logosy

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch guramasy türkmen häkimiýetlerine ýüzlenip, dissident we žurnalist Çary Annamyradowyň dogany – Altymyrat Annamyradowyň Türkmenistanda şübheli ýagdaýlarda ölmegini derňemäge çagyrdy.

Altymyrat 4-nji sentýabrda ýogaldy. Bu wakadan dört gün owal ol näbelli adamlar tarapyndan öýünden alnyp gaçylypdy we ýenjilipdi. Ýeri gelende bellesek, bu wakalar Çary Annamyradowyň Türkmenistanyň öňe süren aýyplamalary esasynda, Minsk şäherinde tussag edilen döwrüne gabat gelipdi.

Çary Annamyradow

Çary Annamyradow

Çary Annamyradowyň Human Rights Watch guramasyna beren maglumatyna görä, 31-nji awgustda raýat eşigindäki iki sany adam Altymyradyň öýüne gelip, onuň bilen “gürleşmeli zatlarynyň bardygyny” aýdyp, ulaglary bilen näbelli tarapa gidipdirler.

Iki günläp Altymyratdan hiç bir habar-hatyr bolmaýar. 2-nji sentýabr güni näbelli bir adam ony öýüniň golaýyna taşlap gidýär. Altymyradyň garyndaşlary onuň ýüzünde gök yzlarynyň bolandygyny, ruhy ýagdaýynyň hem iňňän gowşandygyny gürrüň beripdirler.

Altymyrat ýakynlaryna öz agasy – Çary barada sorag edilendigini we sütem bilen ýenjilendigini gürrüň beripdir. Emma Altymrat nirede we kim tarapyndan saklanandygy barada maglumat bermändir. Aradan iki gün geçenden soň, ýagny 4-nji sentýabrda 52 ýaşly Altymyrat dünýäden ötýär.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Hýu Williamson (Hugh Williamson) bu habary eşidip, özleriniň hopugandyklaryny, şeýle-de türkmen häkimiýetleriniň Çary Annamyradowdan ar almak üçin, Altymyrada sütem eden bolmaklarynyň mümkindigini aýtdy.

“Human Rights Watch Altymyrat Annamyradowyň ölüm habaryny eşidip, juda we juda hopukdy. Bize gowşan soňky maglumata görä, ol juda gümürtik ýagdaýlarda ýogalypdyr. Munuň Çary bilen gatnaşygynyň bolandygy üçin, Altymyratdan ar alnan bolmagynyň mümkindigi baradaky maglumat hem bizi alada goýýar” diýip, Hýu Williamson Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Human Rights Watch guramasy özüniň ýaýradan beýanatynda türkmen häkimiýetlerini Altymyradyň ölümi boýunça doly derňew geçirmäge çagyrýandyklaryny nygtaýarlar.

“Biz türkmen häkimiýetlerine Altymyradyň ölümini we bu işe howpsuzlyk gulluklarynyň gatnaşygyny derňemäge çagyryş edýäs. Bu bosgunlykday syýasy dissidentlerden ar almak boýunça ýakasyny tanadan türkmen häkimiýetlerine ýaramaz täsir eder” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Hýu Williamson belledi.

Human Rights Watch guramasy Çary Annamyradow Türkmenistany 1999-njy ýylda terk edenden soň, onuň üç doganynyň näbelli ýagdaýlarda ýogalandygyny hem ýatladýar. 58 ýaşly Çary Annamyradow 1990-njy ýyllarda Türkmenistanda garaşsyz žurnalist bolup işläpdi. Çary Annamyradow Türkmenistandan daşary ýurtlara 2001-nji ýylda emigrasiýa çykdy. Şondan soňra ol Türkmenistana barmady.

2001-2002- nji ýyllarda ol Orsýetde we Belarusda ýaşady. Şol döwrüň dowamynda Annamyradow Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň ştatdan daşary habarçysy bolup işledi. 2002-nji ýylda oňa Şwesiýada syýasy gaçybatalga berildi.

Çary şu ýylyň 18-nji iýulynda Belarusyň serhet gullugy tarapyndan Minskiň aeroportunda tutuldy. Annamyradow türkmen kanun goraýjylarynyň 2000-nji ýylyň başynda beren talapnamasy boýunça saklanypdy. Ol 14-nji sentýabrda azatlyga çykdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG