Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hajy Ýazmämmedow tussag edildi we... boşadyldy


Dürli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, 33 ýaşly Ýazmämmedow şu ýylyň awgustynda beýleki belli estrada aýdymçysy Nazir Habibow bilen tussag astyna alnypdyr.
Dürli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, 33 ýaşly Ýazmämmedow şu ýylyň awgustynda beýleki belli estrada aýdymçysy Nazir Habibow bilen tussag astyna alnypdyr.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanda belli estrada aýdymçysy Hajy Ýazmämmedowyň tussag astyna alnyp, soň hem azatlyga goýberilendigi baradaky maglumatlar gelip gowuşdy.

Dürli çeşmeleriň tassyklamagyna görä, 33 ýaşly Ýazmämmedow şu ýylyň awgustynda beýleki belli estrada aýdymçysy Nazir Habibow bilen tussag astyna alnypdyr.

Gepiň gerdişine görä ýatlasak, şu aýyň 4-ne türkmen telewideniýesinde Nazir Habibowyň “neşe serişdelerini ulanandygyny” boýun alyp, öz-özüni ýazgarýan pursatlary görkezilipdi. Emma Ýazmämmedowyň hem şolar ýaly sebäpden ýa-da başga bir aýyplama esasynda saklanandygyny häzirlikçe anyklamak başartmady.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleriniň maglumatyndan çen tutulsa, Ýazmämmedowyň tussag astyna alynmagyndan birnäçe gün soň, uly täsirli bir adamynyň onuň arkasyny tutmagy netijesinde, ol azatlyga çykarylypdyr. Onuň häzir özüniň Tejendäki öýündedigi aýdylýar. Bu maglumatlar dogrusynda resmi türkmen çeşmelerinden nähilidir bir kommentariýa almak başartmady.

Nazir Habibow
Nazir Habibow

Şol bir wagtda, 28 ýaşyndaky Nazir Habibowyň tussag edilmegi bilen baglylykda hem käbir täze maglumatlar ýüze çykyp başlady. Youtube saýtynda, hamana, Nazir Habibowyň aýaly – Ritanyň adyndan ýaýradylandygy aýdylýan bir beýannama peýda boldy.

Onda Naziriň “düýbünden başga aýyplamalar esasynda saklanandygy” we munuň “ýörite matlap bilen gurnalandygy” öňe sürülýär. Bellesek, bu beýanatda Hajy Ýazmämmedowyň hem Nazir bilen bile saklanandygy nygtalyp geçilýär.

Bu wideo Youtube saýtyna goýlanyndan birnäçe gün soň pozulyp aýryldy. Nazir Habibowyň maşgalasyna ýakyn çeşmeler-de, bu beýanatyň Naziriň aýaly – Rita tarapyndan ýaýradylandygyny inkär etdiler.

Şol bir wagtda, Habibowlaryň maşgalasy bilen gatnaşyk saklaýanlaryň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Nazir diňe “neşäni ulanandygyny” boýun alyp, onuň “dolanyşygy bilen meşgullanmandygyny” aýdypdyr. Ýatlap geçsek, türkmen mediasynda Naziriň boýun almasy bilen birlikde, “neşäniň bikanun dolanyşygy bilen meşgullandy” diýilýänleriň hem “tobalary” görkezilipdi.

Azatlyk Radiosyna Naziriň häzirki ykbaly we “ýaýradyldy” diýilýän beýanat dogrusynda Ritanyň özi bilen habarlaşyp, nähilidir bir maglumat almak başartmady.

Nazir Habibowyň sud diňlenişigi we oňa nähilidir bir ýylyň kesilip-kesilmändigi baradaky maglumatlary hem häzirlikçe anyklamak başartmady.

XS
SM
MD
LG