Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda aýal-gyzlara çilim satmaklyk gadagan edildi


Aşgabatda çilim satyn almak üçin nobata duran aýal-gyzlar we erkekler.
Aşgabatda çilim satyn almak üçin nobata duran aýal-gyzlar we erkekler.

Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda, geçen şenbe gününden başlap, aýal-gyzlara hem-de 18 ýaşyna ýetmediklere çilim satmaklyk gadagan edildi.

Paýtagtyň “Türkmen bakaleýa” döwlet kärhanasynyň 3-nji we 18-nji dükanlarynyň, şeýle-de käbir beýleki söwda nokatlarynyň işgärleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şeýle çäräniň amala aşyrylmagyna “ýokardan berlen görkezme” sebäp bolupdyr.

“Biziň dükan müdirlerimize ýokardan berlen görkezme bar. Aýal-gyzlara we 18 ýaşyna ýetmediklere çilim satmaly däl. Biz hem şol görkezmäni berjaý edýäris. Eger satyjylar oglanlaryň 18 ýaşyna ýetip-ýetmändigi dogrusynda ikirjiňlenseler, olardan şahsy pasportlaryny talap edip, şoňa görä çilim satýarlar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden satyjy gürrüň berdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanda üç aýa golaý wagt dowam eden çilim gytçylygynyň yz ýany, oktýabr aýynyň başyndan başlap, paýtagtyň döwlete degişli dükanlarynda, temmäki önümleriniň iki görnüşi gaýtadan satuwa çykaryldy.

Resmi düşündiriş berilmeýär

Şonda dükanlara her iki-üç günden bir gezek getirilýän bu çilimlerden iki guty satyn almak üçin, nobata durýan adamlaryň arasynda aýal-gyzlaryň hem bardygyny görse bolýardy.

Türkmenistanda 18 ýaşyna ýetmediklere spirtli içgileri we temmäki önümlerini satmagyň gadaganlygy hakyndaky kanun hereket edýär. Hatda käbir temmäki önümleriniň gutusynda, degişli harydy 18 ýaşyna ýetmediklere satmaklygyň gadaganlygy barada ýazgy hem bar.

Emma edil häzirki wagtda türkmen häkimiýetleri tarapyndan çilimiň aýal-gyzlara näme sebäpden satylmaýandygy barada, resmi düşündiriş berýän hiç hili maglumat halk köpçüligine ýetirilmeýär.

Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen Inisiatiwasy” toparynyň maglumatynda bu gadaganlygyň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada şeýle diýilýär: “Söwda-satuw bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň ençemesi döwlet dükanlaryndan çilimiň her gutusyny 19-20 manada satyn alyp, soňra ony iki ýa-da üç esse bahasyna satýarlar”.

Aýal we erkekleriň deň hukuklylygy

Paýtagtyň döwlete degişli dükanlaryndan çilim satyn almakçy bolýan käbir aýal-gyzlar özlerine garşy girizilen gadaganlyk dogrusynda nägileligini bildirip, şeýle diýýärler:

“Dükanlara çilim bir gün gelse, beýleki gün ýok. Şonuň üçin käbirimiz erkek doganymyza, käbirlerimiz ýan ýoldaşymyza ýa-da kakamyza çilim satyn alyp goýýarys. Bu göz-görtele hukugymyzyň depelenýändigini görkezýär” diýip, çilim nobatyna duran 30 ýaşlaryndaky Maral aýdýar.

2015-nji ýylyň awgustynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklaryny hem-de deň mümkinçiliklerini berjaý etmegi güwä geçýän ýörite kanuna gol goýdy. Onda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň bardygyna kepil geçilýär.

XS
SM
MD
LG