Sepleriň elýeterliligi

Lawrow eýranly, siriýaly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirýär


Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem (çepden saga).

Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem (çepden saga).

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Siriýadaky howpsuzlyk ýagdaýlaryny maslahat etmek üçin siriýaly we eýranly kärdeşleri bilen Moskwada gepleşikleri geçirýär.

Lawrow 28-nji oktýabrda beren maglumatynda Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem we Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif bilen geçirilýän bu duşuşygyň Siriýadaky krizis boýunça “konstruktiw çözgüdi işläp düzmek üçin pikirdeş adamlaryň” edýän tagallalarydygyny aýtdy.

Muallem Lawrowa Russiýanyň “terrorizme garşy göreşde netijeli hyzmatdaşlygy” üçin Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirýändigini aýtdy.

Siriýanyň gabawdaky Aleppo şäherinde hökümete garşy güýçler hüjümlere başladylar. Olar hökümet güýçleriniň gabawyny böwüsmäge synanyşýarlar.

Düýbi Londonda ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary boýunça obserwatowriýasynyň 28-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, pitneçileriň Alepponyň hökümet güýçleriniň kontrollygyndaky territoriýalaryna eden raketa hüjüminde 15 adam öldi we başga-da 100-den gowrak adam ýaralandy.

XS
SM
MD
LG