Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG: Türkmenistanyň media azatlygyna basyş meselesi gozgaldy


ÝHHG-niň adamçylyk ölçegleri boýunça başlanan iki günlük goşmaça maslahaty, Wena, 27-nji oktýabr, 2016.

ÝHHG-niň adamçylyk ölçegleri boýunça başlanan iki günlük goşmaça maslahaty, Wena, 27-nji oktýabr, 2016.

27-nji oktýabrda Wenada ÝHHG-niň adamçylyk ölçegleri boýunça başlanan iki günlük goşmaça maslahatda, söz azatlygyna we media azatlygyna, şol sanda ýaragly konfliktleriň barýan ýerlerinde žurnalistleri we habar berilmegini goramak meselelerine seredilýär.

Maslahata Türkmenistanda adam hukuklaryny goraýan guramalaryň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Maslahatyň dowamynda “Türkmenistan bilen raýat raýdaşlygy” atly toparyň ýaýradan ýörite beýannamasy Türkmenistanda söz, pikir azatlygyna we informasiýanyň elýeterliligine doly ýok bolmak howpunyň dörändigine ünsi çekýär.

Türkmenistanda köp ýyl bäri garaşsyz habar serişdeleri ýok, daşary ýurt metbugatynyň ýaýradylmagy gadagan edilýär we söz azatlygy rehimsiz basylyp ýatyrylýar. Ýurduň häkimiýetleri türkmen jemgyýetini maglumatdan doly üzňelige salmak boýunça aktiw ädim ädýärler diýlip, beýannamada bellenýär we şeýle maglumat berilýär: “Hususan-da, sputnik antennalaryň ýok edilmegi boýunça kampaniýa dowam etdirilýär. Raýatlaryň şahsy emlägi bolan sputnik antennalary postsowet döwrüniň dowamynda adamlara halkara tele we radio gepleşikleri diňläp, maglumat almaga ýeke-täk mümkinçilik bolup durýar. Resmi kanallar bolsa diňe propagandany berýär”.

Maglumatda sputnik antennalaryň köpçülikleýin ýok edilmeginiň “şäheriň görküni abadanlaşdyrmak” bahanasy bilen 2015-nji ýylda başlanyp, ÝHHG-niň media azatlygy boýunça wekiliniň goşulyşmagyndan soň wagtlaýynça togtadylandygy we soň ýene dowam etdirilendigi bellenip, häkimiýetler tarapyndan ýok edilen antennalary gaýtadan oturtmazlyk barada raýatlara haýbatly duýduryşlaryň berilýändigi aýdylýar. Şeýle-de, Türkmenistanyň häkimiýetleriniň raýatlaryň öz hasabyna oturdýan çanak antennalaryň ýerine teklip edýän umumy kabel telewideniýesinde görkezilýän gepleşikler berk senzura edilýär we daşary ýurtlaryň telewideniýeleriniň öňünden ýazgy edilen tomaşa gepleşikleri görkezilýär.

Beýannamada hut sputnik antennalary arkaly Türkmenistanyň raýatlarynyň türkmen dilinde gepleşik berýän ýeke-täk garaşsyz habar çeşmesi bolan Azatlyk Radiosynyň gepleşiklerini diňläp bilýändigi bellenýär.

“Türkmenistanda internet örän gymmat. Ol örän haýal işleýär we iň esasy senzura sezewar edilýär. Türkmen häkimiýetleriniň adyna tankydy maglumat çap eden islendik informasion çeşme, şol sanda daşary ýurtly hökümete degişli bolmadyk guramalaryň we ýurduň daşynda hereket edýän adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň saýtlary doly petiklenýär. Sosial saýtlaryň tas ählisi we YouTube ýaly wideo saýtlary böwetlenýär” diýlip, maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanda internet üpjünçiligi döwletiň internet prowaýderiniň eýeçiligindäki kanallar arkaly amala aşyrylýar.

“Biz syýasy organlarynyň, institularynyň we ÝHHG-niň agza döwletleriniň Türkmenistandaky “dartgynly” ýagdaýlara ünsi çekmegiň we olaryň Türkmenistanyň diktatura tarap süýşmegini duruzmak üçin, aktiw hereket etmegine çagyrmagyň zerurdygyny aýdýarys” diýlip, “Türkmenistan bilen raýat raýdaşlygy” atly toparyň 27-nji oktýabrda ýaýradan beýannamasynda aýdylýar.

“Türkmenistan bilen raýat raýdaşlygy” atly topar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň çäginde bäş ýyl bäri hereket edýän “Graždan raýdaşlygy” platformasyna girýän hemişelik işçi toparlaryň biri. Hökümete degişli bolmadyk adam hukuklaryny goraýjy guramalary öz içine alýan bu platforma ÝHHG agza 30 ýurtdan, 80 çemesi guramany öz içine alýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň wekilleriniň, ÝHHG-niň düzümine girýän institutlaryň we ýerine ýetiriji strukturalaryň, hökümetara guramalaryň wekilleriniň 57 sany agza döwletiň jemgyýetçilik guramalarynyň we synçylarynyň gatnaşmagynda, 27-28-nji oktýabrda geçirilýän maslahatda žurnalistleriň ýaragly konfliktlerdäki howpsuzlygy, medianyň öz-özüni dolandyrmagy arkaly ahlak standartlaryny ösdürmek we propaganda garşy durmak, ÝHHG-niň, hökümetleriň we raýat jemgyýetiniň krizis döwründe media azatlygyny goramakdaky roly bilen bagly meselelere-de seredildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG