Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda üç sagatlap tok bolmady


Duşenbe (arhiwden)
Duşenbe (arhiwden)

Täjigistanda ýurt boýunça üç sagat töweregi elektrik togy kesildi. Muňa ýurtdaky iň uly gidroelektrik stansiýasyndaky ýüze çykan näsazlyk sebäp boldy.

Duşenbäniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, 28-nji oktýabrda ýüze çykan bu wakada paýtagtyň köçeleri gözedürtme garaňky bolup, hatda swetoforlar hem işlemändir.

Ýurduň dörtden üç bölegini elektrik energiýasy bilen üpjün edýän Nurek gidroelektrik stansiýasynyň resmileri desganyň işinde bökdençlikleriň ýüze çykandygyny aýtdylar.

Täjigistan ozalky sowet respublikalarynyň arasyndaky iň garyp döwletleriň biri bolup, ol gidroelektrik desgalaryna garaşlydyr.

XS
SM
MD
LG