Sepleriň elýeterliligi

Manadyň dollara gatnaşygy bir artýar, bir peselýär


Daşary ýurt walýutasynyň 'gara bazary'

Daşary ýurt walýutasynyň 'gara bazary'

Türkmenistanda milli manadyň amerikan dollary babatyndaky resmi bolmadyk hümmeti, ýagny “gara bazarda” elden edilýän alyş-çalşygynyň bahasy 1-nji noýabrda 7,20 we 8 manat aralygynda boldy.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň sözüne görä, bu geçen hepdede bahasy sekiz ýarym manada ýeten amerikan dollarynyň türkmen manadyna garanda biraz arzanlandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň milli pulunyň amerikan dollary babatyndaky resmi derejesi bolsa öňküligine 3 ýarym manat möçberde saklanýar we Merkezi Bankyň walýuta çalşygynyň nagt görnüşini ýatyrmak barada ýylyň başynda girizen düzgüni hem üýtgewsiz saklanyp galýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri türkmen manadynyň “gara bazarda” amerikan dollary babatyndaky hümmetiniň şu hepdäni başynda biraz güýçlenmeginiň sebäbini Merkezi Bankyň käbir telekeçilere türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna öwürmek üçin döreden mümkinçiligi bilen baglanyşdyrýarlar. Hususan-da, türkmen hökümetiniň Söwda ministrligi bilen bagly kärhanalara erkin walýuta çalşygyny amala aşyrmaga rugsat berlendigini çeşmämiz aýdýar.

Walýuta çalşygyny amala aşyrmak üçin, telekeçilere döredilendigi aýdylýan ýeňillikleri resmi taýdan tassyklap bolmady, goşmaça maglumat hem elýeterli bolmady.

Türkmenistanyň Merkezi banky türkmen manadynyň daşary ýurt walýutasyna nagt görnüşli öwrülişigini 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda resmi derejede ýatyrdy. Ýylyň dowamynda Türkmenistanyň banklary goşmaça girizilen düzgünler arkaly telekeçileriň we adaty raýatlaryň, şeýle-de öz bank hasaplarynyň üsti bilen ýurduň daşyna daşary ýurt walýutasynda pul geçirmek mümkinçiligini-de birnäçe gezek çäklendirdiler.

Hususan-da, şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň “Senagatçylar we Telekeçiler birleşigine” agza firmalaryň ýurduň banklaryndan türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna çalyşmak boýunça ýeňillikleri ýatyrylypdy. Mundan ozal, döwlet tarapyndan girizilen ýeňillikli düzgünlere laýyklykda, bu birleşige agza firmalaryň 15-e golaýy belli bir möçberde türkmen manadyny amerikan dollaryna çalşyp, ýurduň daşyndan dürli harytlary getirýärdiler.

Türkmenistanda gant, ýag, un ýaly esasy gündelik azyk önümleriniň gytçylygy soňky wagtda hasam güýçlendi.

Başda döwletiň eýeçiligindäki dükanlarda satuwdan ýiten azyk önümleriniň şu günler hatda Aşgabadyň hususy eýeçiligindäki “Berkarar” we “Ýympaş” ýaly iri söwda merkezlerinde hem satuwdan ýitip barýandygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary gürrüň berýärler.

Paýtagtyň “Berkarar” söwda merkezi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigine degişli, “Ýympaş” söwda merkezi bolsa Türkiýäniň işewür toparlaryna degişli.

1-nji noýabrda Türkmenistanyň Merkezi bankynda 1 amerikan dollary 3,5 türkmen manady derejesinde kesgitlenilip görkezilýär. Emma nagt alyş-çalşygy resmi derejede amala aşyrylmaýar.

“Gara bazarda” bir amerikan dollaryny 7,20 – 7,40 manat aralygyndaky nyrhdan satyn alýarlar we 7,8 – 8 manat aralygynda hem satýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG