Sepleriň elýeterliligi

HRW: Türkmen žurnalistine hüjüm edildi we talandy


HRW: Türkmen žurnalistine hüjüm edildi we talandy

HRW: Türkmen žurnalistine hüjüm edildi we talandy

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy şu ýylyň 25-nji oktýabrynda polisiýa tarapyndan soraga çekilip, soňra nämälim adamlaryň hüjümine we talaňçylygyna sezewar boldy diýlip, Human Rights Watch guramasy aýdýar.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän guramanyň 7-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda, 67 ýaşyndaky Soltan Açylowa edilen bu hüjüm Türkmenistanda media serişdeleriniň habarçylaryna edilýän şuňa meňzeş ençeme hüjümiň iň soňkusydyr diýilýär.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa geçen aýyň ahyrynda, Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynyň biriniň öňünde emele gelen uzyn nobaty surata düşüren mahaly, polisiýa tarapyndan birnäçe sagat saklanypdy we nämälim adamlar onuň kamerasyny talapdylar.

Türkmenistanda türkmen dilindäki ýeke-täk alternatiw habar serişdesi bolan Azatlyk Radiosy bilen işleşýän Açylowa ýurtda suw ýetmezçiligi, azyk harytlaryny satyn almak üçin emele gelen uly nobatlar we saglyk problemalary ýaly sosial meseleler barada maglumatlary taýýarlaýar.

Soltan Açylowa

Soltan Açylowa

Beýanatda Açylowanyň Türkmenistanyň öz içinden maglumatlary habar berýän we öz kärdeşleri ýaly žurnalistika işi üçin nyşana alynýan ýurtdaky sanlyja habarçylaryň biridigi aýdylyp, “Türkmenistan media azatlygyna rugsat bermeýän awtoritar hökümetiň gol astyndaky ýapyk ýurt” diýilýär.

“Açylowanyň agyr başdan geçirenleri [ýurtdaky] tankydy dymdyrmak üçin edilen ýene bir synanyşyk. Žurnalistler öz işini berjaý edýän mahaly, polisiýanyň hüjümine ýa-da tussag edilmelere sezewar edilmezden, öz işini ýerine ýetirip bilmeli” diýip, Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygynyň orunbasary Rachel Denber aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri Açylowanyň we şonuň ýaly beýleki habarçylaryň öz işini ar almazdan we esassyz goşulmazdan ýerine ýetirmegine mümkinçilik dörediljekdigine kepil geçmeli diýlip, duşenbe güni ýaýradylan beýanatda nygtalýar.

Ýeri gelende ýatlatsak, geçen aýyň ahyryna Soltan Açylowa paýtagtyň “Laçyn” atly döwlete degişli dükanynyň öňündäki uzyn nobatlary surata düşüren mahaly, bir dükan satyjysy we golaýdaky polisiýa tarapyndan kowalanýar.

Polisiýa we nämälim adamlar

Şondan soň, Açylowa öz saglyk barlaglarynyň netijelerini almak üçin, golaýdaky keselhananyň howlusyna girýär we şol ýerdäki oturgyçda oturýar. Soňra polisiýa işgäri we satyjy gelip, ondan nobatlary näme sebäpden surata düşürendigini soraýar. Açylowa olara özüniň Azatlyk Radiosynyň habarçysydygyny we öz žurnalistika işini ýerine ýetirýändigini aýdýar.

Polisiýa işgäri onuň gitmegine rugsat bermeýär. Aradan 15 minut çemesi wagt geçensoň, raýat eşigindäki başga bir polisiýa işgäri gelip, özüniň Berkararlyk etrap polisiýasynyň başlygynyň orunbasarydygyny aýdýar. Ol Açylowa maşgalasy, nirede we kim bilen ýaşaýandygy, nämäni surata düşürendigi barada soraglar berip, onuň şahsy resminamalaryny barlaýar.

Gürrüňi edilýän polisiýa işgäri Açylowany rugsatsyz surata düşürmekde aýyplap, ondan kamerasyndaky ähli suratlary pozmagy we özi bilen polisiýa merkezine gelmegi talap edýär. Açylowa muny ret edýär. Şeýlelikde, polisiýa işgärleri howanyň temperaturasy 3-5 gradus aşak düşen mahaly, Açylowany keselhananyň daşyndaky oturgyçda iki ýarym sagat çemesi saklap, soňra goýberýärler.

Açylowa gaýdyp barýan mahaly, onuň ýanyna üç adam we bir aýal gelýär. Şol aýal Açylowany özüni rugsatsyz surata düşürmekde aýyplaýar we onuň doganydygyny aýdýan adam hem Açylowadan kamerasyndaky suratlary pozmagy talap edýär. Açylowa nobata duranlaryň arasynda agzalýan zenanyň ýokdugyny, emma onuň suraty bar bolsa, onda ony öýüne baransoň pozjakdygyny aýdýar.

Emma soňra bu adamlar Açylowa kemsidiji sözleri aýdyp, olaryň ikisi onuň iki elinden tutýar we beýlekisi Açylowanyň sumkasyny alyp, ondan kamerasyny alýar we onuň beýleki şahsy goşlaryny ýere oklaýar.

Mundan ozalky hüjüm

Açylowa adamlaryň yzyndan ylgap, kamerasyny yzyna almaga synanyşýar, emma ol muňa başartmaýar. Şol wakada Açylowanyň gapjygy we äýnegi hem ýitirim bolýar. Şondan soň onuň eli gögerýär we keselleýär. Ol munuň birnäçe sagatlap daşarda durmagynyň sebäp bolandygyna ynanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa mundan ozal hem birnäçe gezek hüjüm edilipdi. 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabadyň bazarlarynyň birinden maglumat ýygnaýan mahaly, oňa birnäçe adam hüjüm edip, onuň kamerasyny we mobil telefonyny alypdy. Soňra-da ol polisiýa merkezine alnyp gidildi. Polisiýa Açylowany tussag edip, ony soraga çekýär we iki sagatdan soň goýberýär. Şonda onuň goşlary yzyna gaýtarylyp berilse-de, kamerasyndaky suratlary pozulýar.

Human Rights Watch guramasynyň beýanatynda türkmen hökümetiniň ýurtdaky ähli media serişdelerine gözegçilik edýändigi aýdylyp, internetiň döwletiň berk kontrollygynda saklanýandygy we ençeme, şol sanda daşary ýurt habar guramalarynyň websaýtlarynyň petikli bolmagynda galýandygy nygtalýar. Daşary ýurt media serişdeleriniň habarçylary Türkmenistana giriş wizasyny köplenç alyp bilmeýärler diýlip, adam hukuklaryny goraýan topar aýdýar.

Şeýle-de, bu topar Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky žurnalisti Saparmämmet Nepesgulyýewiň ykbalyna hem ünsi çekip, onuň 2015-nji ýylda toslama neşe aýyplamalary esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini ýatladýar. Şol ýylyň dowamynda, Azatlyk Radiosynyň başga-da üç habarçysy öz işini togtatmaga mejbur edilipdi.

Beýanatyň soňunda Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygynyň orunbasary Rachel Denber Türkmenistanda medianyň doly diýen ýaly hökümetiň kontrollygynda saklanýandygyny aýdyp, “Türkmenistanyň halkara partnýorlary ýurduň içinden garaşsyz maglumatlary habar bermäge synanyşýan sanlyja garaşsyz žurnaliste abanýan howp-haýbatlary soňa goýmazdan ýazgarmalydyr” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG