Sepleriň elýeterliligi

Aýlyksyz kösenýänler hojalyk mallaryny satyp başladylar


Illýustrasiýa

Illýustrasiýa

Maryly mugallyma Gülsoltan daýza eýýäm üç aýdan bäri zähmet hakyny alyp bilmän kösenýär. Ýerli resmiler aýlyklaryň plastik kartlara geçirendigini öňe sürseler-de, 50 ýaşlaryndaky başlangyç synp mugallymy bankdan puluny nagtlaşdyryp bilmeýändigini gürrüň berýär.

“Bankomatlara haçan barsaň boş. Eýýäm üç-dört aýdan bäri aýlyklar ýok” diýip, Gülsoltan mugallym gürrüň berdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyldan bäri hökümet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklary banklaryň üsti bilen ýörite plastik kartlaryna geçirilip, adamlar soňy bilen diňe bankomatlaryň üsti bilen olary nagtlaşdyryp bilýärler.

Gülsoltan mugallyma bank resmileriniň her gün “pullar geler” diýip, söz berýäniklerini; bu aýlyk-günlüksiz düşen ýagdaýlaryndan baş alyp çykmak üçin, hojalygyndaky towukdyr mallary satyp başlandyklaryny aýdýar.

Galyberse-de, Gülsoltan daýza ýaly zähmet haklaryny ençeme aýlap alyp bilmän kösenýändiklerini aýdýan barha köp türkmenistanlylardan arz-şikaýatly maglumatlar gelip gowuşýar.

Ýakynda Lebabyň Halaç etrabynyň mugallymlarynyň biri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, sebitiň ençeme bilim işgärleriniň adyndan gürläp, iki aýdan bäri aýlyksyz, bialaç oturandyklaryny gürrüň berdi.

Daşogzuň Köneürgenç şäheriniň 10-njy mekdebiniň mugallymy iki aýlap saklanan zähmet haklarynyň düýn, ýagny 14-nji noýabrda plastik kartlaryna geçirilendigini aýtsa-da, aýlygyny nagtlaşdyryp biljekdiginiň gümanadygyny hem sözüne goşdy.

“Bankomatlarda pul bolmasa-da, olaryň öňünde elmydama onlarça adam nobata durandyr. Şu gün baryp görsem, eýýäm 200 adamynyň ady ýazylan sanaw düzülipdir” diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran mugallymlaryň biri Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda zähmet haklarynyň ençeme aýlap gijikdirilmegi bilen birlikde, un, şeker, ýag ýaly möhüm azyk harytlarynyň bahalary hem telim esse ýokarlanyp, käbir sebitlerde olar dükanlaryň tekjelerinden doly ýitirim boldular.

Ýokarky ýagdaýlar dogrusynda ilatdan barha köpelýän nägilelikli maglumatlaryň fonunda döwlet emeldarlary we habar serişdeleri bu barada entek halk köpçüligine hiç hili maglumat bermediler. Azatlyk Radiosynyň hem degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentariý almak synanyşyklary netije bermedi.

Bu aralykda, maryly Gülsoltan mugallyma zähmet haklarynyň mundan beýläk hem berilmän saklanmagy dowam etse, ýagdaýyň has-da ýaramazlaşjakdygyny aýdyp zeýrendi: “Aýlyklarymyz berenok” diýip, hemme kişi zeýrenip, närazy gezip ýör. “Işi taşlap, gaçyp gidibermeli boldy” diýip, janyndan doýup ýörenler hem bar”.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG