Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Obamyzda Owganystandaky ok atyşyklar eşidilýär”


Owganystandaky ok atyşyk. Arhiwden
Owganystandaky ok atyşyk. Arhiwden

Owganystanyň demirgazyk; Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy bilen, Türkmenistanyň serhede ýakyn obalarynyň ýaşaýjylarynyň howsalaly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada maglumatlar gelip gowuşdy.

Türkmen-owgan serhediniň golaýyndaky Marynyň Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, serhetýakadan dowamly ok atyşyklaryň sesleriniň eşidilýändigini gürrüň berdi.

Efride atlandyrylmasyzlygyny soran marçakly obadaky hojalyklara kä halatlarda peşeňleriň hem çawýan gülläniň gelip düşýändigini, ýaşaýjylaryň olardan goranmak üçin, ýörite tärleri galdyrp başlandyklaryny aýtdy.

“Häli-şindi oklar çawyp dur. Şu ýerden göçüp gitmäge mümkinçiligimiz bolsady, bir günem durmazdyk” diýip, marçakly ildeşimiz gürrüň berdi. Ol gülläniň obadaky bir gyzyň elini ýaralandygyny aýdyp, ýerli resmileriň gyza munuň asyl sebäbini aýtmazlygy tabşyrandyklaryny hem belläp geçdi.

“Ýakynda bir ok bir gyzyň elini ýaralady. Hökümet oňa ýerli keselhanada bejergi berdi. Emma polisiýa ol gyzdan eliniň okdan däl-de, ýykylyp ýaralandygy barada düşündiriş aldy” diýip, türkmen-owgan serhediniň golaýynda ýaşaýan ildeşimiz aýdýar.

Ýokarky ýagdaýlar boýunça Tagtabazaryň häkimliginden hiç hili kommentariýa almak başartmady. Galyberse-de, ok atyşyklaryň gönümel türkmen serhedinde ýa-da araçägiň Owganystan tarapynda bolup geçýändigini hem aýdyňlaşdyrmak başartmady.

Ýeri gelende ýatlatsak, soňky döwürde Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitlerinde söweşijileriň hereketleri ýaýbaňlanypdy.

Sözümiziň ahyrynda jemlesek, Türkmen resmileri we mediasy özüniň Owganystan bilen 744 kilometre deň serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlary dogrusynda hiç hili maglumat bermeýärler. Mundan iki ýyl ozal resmi Aşgabat türkmen-owgan serhedinde ýüze çykan wakalarda, alty sany türkmen serhetçisiniň öldürilmegi dogrusynda hem kelam agyz söz aýtmandy.

XS
SM
MD
LG