Sepleriň elýeterliligi

Türkiýede ýiten türkmen gyzlary tapyldy


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

Türkmenistandan Türkiýä işlemäge gaýdyp ýitirim bolandygy aýdylýan türkmen gyzlary golaýda türk polisiniň Stambulda gurnan ýörite operasiýasynda tapyldy. Ol gyzlar öz jorasynyň gurnan duzagy bilen ten söwdasyny edýän jenaýat toparynyň eline düşüpdir.

Türk metbugatynda ýaýran maglumatda, bir ýyl mundan owal Stambulda işlemäge gaýdan iki sany türkmen gyzyň nädip jenaýat toparynyň eline düşendigi we soň nähili halas edilendigi jikme-jik gürrüň berilýär.

Gyzlaryň sözüne görä, biriniň kakasy agyr kesele duçar bolansoň, çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Kakasynyň saglygyny bejertmek üçin, gaty köp pul gerek bolýar. Hut şol sebäpden işlemek üçin, Stambula gaýtmagy ýüregine düwýär.

Stambulda işläp Türkmenistana dolanan N.Z. atly zenan A.A. we S.T. atly klasdaş boýdaşlaryna Stambulda gowy gazanç edip bolýandygyny gürrüň berýär. "Men gowy pul gazandym. Sizem ibereýinmi o taýa?" diýip, soranda boýdaşlary begenjinden guş bolup uçýarlar.

"O taýda näme iş etmeli?"

Boýdaşy A.A. "O taýda näme iş etmeli?" diýip soraýar. Stambulda işläp gaýdan N. Z. bolsa "Sizi gaty baý bir maşgalanyň ýanyna ibererin. Diňe onuň çagasyna we öýüniň arassaçylygyna seredersiňiz. Kyn iş däl. Aýda müň dollar gazanarsyňyz" diýen mahaly, ony diňläp oturan iki boýdaşynyň gözleri begenjinden, hanasyndan çykara gelýär.

Türkmenistanly N.Z. atly zenan Stambuldaky jenaýat topary bilen işleşýär ekeni. Ol derrew K.D. atly bir tanşyna jaň edip, "Saňa diýseň owadan gyzlary iberýärin. Olaryň uçar biletlerini alyp iber" diýýär. Türkmen zenanlar A.A. bilen S.T. öz hossarlary bilen hoşlaşyp, Stambula gelýärler. Aeroportda olaryň ady ýazylan kagyzy tutup duran adamyň ýanyna barýarlar. Soňra olar Stambulyň Şişli diýen ýerinde bir öýe eltilýär.

Stambulda ten söwdasy jenaýatyny gurnaýan K.D. we M.A. atly adamlar ors dilini aňsatlyk bilen gepleýär ekeni. Türkmenistanly gyz A.A. "Siziň çagaňyza seretmelimi?" diýip soraýar. M.A. gahar bilen: "Ol iş goýbolsun edildi. Sizi başga işde işlederis. Şonuň üçinem şu kagyzlara gol çekiň" diýýär. Türkmen zenanlar türk dilinde ýazylan kagyzlara düşünip bilmeýärler. Soň olar "Size bilet aldyk. Siziň üçin kireýine öý tutdyk. Teniňizi satyp bize bergiňizi üzersiňiz" diýip, gahar-gazap bilen gygyryp, haýbat atýarlar.

Stambula işlemäge gelen türkmen gyzlarynyň begenji gynanja öwrülýär. Jenaýat topary her gün olary öz tenini satmaga mejbur edýär. Türkmen gyzlary Türkmenistandaky hossarlaryna hem telefon edip bilmeýärler. Türkmenistandaky hossarlary olardan habar-hatyr bolmansoň, Daşary işler ministrligine ýüz tutyp, olaryň tapylmagy üçin kömek soraýarlar.

Ten söwdasyny edýän jenaýat topary

Türkmenistanly gyzlar A.A. bilen S.T-niň ýitirim bolandygy barasyndaky resminama Stambulyň howpsuzlyk gullugynyň ahlak we humar bölümine iberilýär. Tejribeli polisler türkmen gyzlarynyň ten söwdasyny edýän jenaýat toparynyň eline düşendigini çaklaýarlar.

Türk polisi, Stambulyň Şişli diýen ýerinde şübhelenilýän bir öýüň salgysyny anyklaýar. Salgy bilen bir hatarda ol öýde tenini satýan zenanlaryň kimdigi we telefonlary hem mälim bolýar. Polis işgäri Kenan berlen telefona jaň edip olardan duşuşyk üçin wagt alýar. Şeýlelikde, onuň üsti bilen ten söwdasyny edýän jenaýat toparynyň ele salynmagy planlaşdyrylýar.

Gapyny kakan polisler içerik girip, gyzlaryň adyny soraýar. Gyzlaryň biriniň adynyň Türkmenistanyň raýaty A.A we beýlekisiniň bolsa S.T-digini öwrenen türk polisiniň begenjiniň çägi bolmaýar. Türk ahlak polisleri Stambulyň Şişli diýen ýerindäki başga bir öýde guramaçylykly ten söwdasyny alyp barýan jenaýat toparynyň baştutanlary K.D. M.A. we E.G. dagy daşary ýurtly zenanlar bilen bilelikde ele salýarlar.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, anyk sany bilinmeýänem bolsa, Türkiýede gaty köp türkmen zähmet migrantynyň bardygy we olaryň hem aglaba köpçüliginiň wizasyz bikanun ýagdaýda işläp, dürli ýagdaýlary başdan geçirýändigi ýerli metbugatda agzalyp gelinýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG