Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedowyň ogly Serdar deputat saýlandy


Serdar Berdimuhamedowa deputatlyk şahadatnamasy gowşuryldy.

Serdar Berdimuhamedowa deputatlyk şahadatnamasy gowşuryldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow 20-nji noýabrda türkmen parlamentiniň deputatlygyna saýlandy.

Türkmen mediasy Serdar Berdimuhamedowyňçykyp giden deputatlaryň ornuna geçirilen ses berişlikde, Ahal welaýatynyň 24-nji «Duşak» saýlaw okrugyndan deputat saýlanandygyny habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki telewideniýe täze saýlanan deputatlara, şol sanda Serdar Berdimuhamedowa deputatlyk şahadatnamalarynyň gowşurylyşyny görkezdi. Emma muňa garamazdan, «Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda» saýlaw barada berlen maglumatda prezidentiň oglunyň parlamente deputat saýlanandygy, näme üçindir, aýdylmaýar. TDH, "Trend" habar gulluklary bolsa, bu habary ilki çap edip, soň öçürdi diýip, Adam hukuklaryny goraýan "Türkmen inisiatiwasy" ýazýar.

Saýlaw "bäsdeşlik, aýdyňlyk ýörelgelerinde" geçdi

Mary welaýatynyň 119-njy «Atçapar» we 124-nji «Pendi» saýlaw okruglaryndan, degişlilikde, Göwher Baýramowa, Ýusupguly Işaýew deputatlyga saýlandy.

Resmi habarda tassyklanylmagyna görä, saýlawlar «bäsdeşlik, aýdyňlyk we açyklyk ýörelgelerinde» geçirilipdir.

Çykyp giden deputatlaryň orny ugrunda Ahal welaýatynyň 24-nji «Duşak» saýlaw okrugyndan iki kandidat bäsleşipdir, ýagny Serdar Berdimuhamedow, Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, 82.64 prosent ses alsa, Pälwan Pälwanow 17.36 prosent ses alypdyr.

Şeýle-de, bu okrugda geçirilen ses berişlikde iki býulleteniň «hakyky däl» diýlip yglan edilendigi aýdylýar. Emma Mary welaýatynda geçirilen saýlawlarda beýle kemçilik bolmandyr.

Prezidentiň oglunyň aýdylmaýan wezipeleri

Türkmen mediasy mundan öň prezidentiň oglunyň eýeleýän döwlet wezipesi barada maglumat bermeýärdi, emma indi onuň Daşary işler ministrliginde bölüm müdiri, ýagny halkara habar serişdeleri bilen aragatnaşyk departamentiniň ýolbaşçysy bolup işleýändigi tassyk edilýär.

Garaşsyz çeşmeler Serdar Berdimuhamedowyň ozal Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak agentliginiň ýolbaşçylarynyň biri bolandygyny, emma 2015-nji ýylyň iýulynda bu edara ýatyrylanyndan soň, DIM-de täze wezipä bellenendigini habar beripdiler.

Mundanam başga, garaşsyz çeşmeler Serdar Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň awgustynda, tehniki ylymlaryň doktory Gurbanmyrat Mezilowyň ylmy ýolbaşçylygynda, kandidatlyk işini gorandygyny, bir ýyl soňra, 2015-nji ýylyň iýulynda bolsa, doktorlyk işini gorap, tehniki ylymlaryň doktory diýen ylmy derejäni alandygyny habar berdiler. Emma türkmen häkimiýetleri bu habarlary ne tassyklady, ne-de inkär etdi.

«Gündogar» habar saýty Serdar Gurbangulywiçiň täze wezipesi barada beren maglumatynda, bar bolan düzgüne görä, kandidatlyk dissertasiýasyny goramak hukugyny gazanmak üçin ylmy işgäriň ylmy žurnallarda azyndan bäş makala çap etdirmelidigini, doktorlyk dissertasiýasyny goramaga hukuk gazanmak üçin bolsa 25 makala, monografiýa ýa-da aýratyn kitap çap etdirmelidigini ýatladýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň 40 çemesi kitap çap etdirdi, emma ýerli çeşmeler döwlet baştutanyň oglunyň adyndan çap edilen makala ýa kitaba gabat gelmändiklerini aýdýarlar.

Daşary ýurt habar serişdeleriniň, hususan-da Eurasianet.org neşiriniň Orsýetiň lenta.ru neşirine salgylanyp ýazmagyna görä, Serdar Berdimuhamedow mundan öň ýurduň oba hojalyk ministriniň orunbasary wezipesinde hem işläpdir. Şeýle-de bu neşir onuň pagta egirme-dokma fabriginiň, mineral suw zawodynyň we oteller toplumynyň bolandygyny ýazýar.

Azatlyk radiosy ozal, bile okan kursdaşyna salgylanyp, Serdar Berdimuhamedowyň 2008-2011-nji ýyllarda Orsýet Federasiýasynyň DIM-iniň Diplomatiýa akademiýasynda, halkara gatnaşyklary fakultetinde okandygyny habar beripdi.

"Ätiýaçdan görülýän çäre"

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň başlygy Nurmuhammet Hanamowyň Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, prezidentiň öz ogluny wezipe basgançaklaryndan barha ýokary galdyrmagy hakykatda ätiýaçdan görülýän çäre bolup, onuň entekler prezidentlikden çekilmek niýeti ýok.

Baş kanuna girizilen düzedişler G.Berdimuhamedowa 70-den soňam saýlawa gatnaşmaga hukuk berýär we Türkmenistanda henize çenli garaşsyz synçylar tarapyndan "azat we adalatly" diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirilmedi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň mejlisinde aýdylmagyna görä, indiki ýylyň fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, şu güne çenli ýurt içinde 2578, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda bolsa 40-a golaý saýlaw uçastogy döredildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG