Sepleriň elýeterliligi

YD-niň janyndan geçen türkmenistanly hüjümçisi we agzalary Stambulda tutuldy


Illýustrasiýa

Illýustrasiýa

Türk howpsuzlyk güýçleriniň geçiren operasiýasynda, Stambulda bombaly hüjüm gurnamaga taýýarlanýan "YD" toparyna agza biri özbegistanly, beýlekisi bolsa türkmenistanly bolan janyndan geçen iki bombaçy tussag edildi. Olara hem ýardam etmekde aýyplanýan GDA-nyň 5 raýaty bolsa kriminal ýagdaý doly anyklanýança tussaglykdan boşadyldy.

Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýran maglumata görä, Stambulyň terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň işgärleri Pendik Tuzla Maltepe diýen ýerde geçiren operasiýasynda "YD" guramasynyň janyndan geçen hüjümçiler sanawynda durýan özbegistanly "Bunýod" lakamly Azizjon Bekraýew bilen türkmenistanly "Zubeýr" lakamly Nowruz Kasymowy ele saldy. Munuň yz ýanyndan hem olaryň gurnajak bombaly hüjümlerine goldaw berjek toparyň agzalary bolan, 32 ýaşyndaky Azerbaýjanyň raýatlary R.I. we 26 ýaşyndaky O.M. bilen özbegistanly raýatlar; 26 ýaşyndaky B.M. 29 ýaşyndaky T.H. we 32 ýaşyndaky N.I. başga bir ýerde ele salyndy. Olaryň ýanynda köp sanly materiallaryň hem tapylandygy mälim edildi.

Ikisi janyndan geçen hüjümçi bolan jemi 7 daşary ýurtly raýat sorag üçin, Stambulyň Watan şaýolundaky Terrorçylyga garşy göreş müdirligine äkidildi. Hünärmenler tapylan materiýallary barlan mahaly janyndan geçen hüjümçileriň bombaly hüjüme gören taýýarlygy we nämäni göz öňünde tutandygy barasynda jikme-jik maglumatlaryň üstüni açdy.

Özbegistanyň raýaty "Bunýod" lakamly Azizjon Bekraýew bilen Türkmenistanly "Zubeýr" lakamly Nowruz Kasymow kazyýetiň karary esasynda azatlykdan mahrum edildi. Olara hemaýat etmekde aýyplanýanlar bolsa kriminal ýagdaýlar doly anyklanýança wagtlaýynça goýberildi.

Tussaglaryň beren maglumaty esasynda gaýtadan operasiýa geçiren Stambulyň terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň işgärleri bu gezek Sultanbeýli diýen ýerde Siriýa gidip "YD" toparynyň hatarynda söweşmäge taýýarlanýan Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň raýatlaryndan ybarat bolan 36 adamy hem ele saldy. Soň olar deportasiýa edilmegi üçin, migrasiýa gullugyna iberildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG