Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Durnukly ulag maslahaty geçirilýär


Türkmenistan, Ak Ýayla, täze demir ýoluň açylyş dabarasy, 3-nji dekabr, 2014
Türkmenistan, Ak Ýayla, täze demir ýoluň açylyş dabarasy, 3-nji dekabr, 2014

Türkmen paýtagtynda şu gün, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady.

Türkmen mediasy BMG-niň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine «hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumynyň girýändigini» habar berýär.

BMG-niň Aşgabada sapara gelen Baş sekretary Ban Ki-Mun çykyş edip, bu maslahatyň halkara jemgyýetçiligi üçin durnukly ösüş babatynda möhüm böwsüşleriň edilýän depginli pursatynda geçirilýändigini belledi. Ol durnukly ulag ulgamynyň klimat özgermesi boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegine hem goltgy boljakdygyny aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary durnukly ulag ulgamynyň iş orunlaryny döretmäge, garyp-gasarlygy azaltmaga, bazarlary açmaga, aýallaryň ygtyýarlyklaryny artdyrmaga hem-de ilatyň beýleki gowuşgynsyz toparlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga kömek etjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynyň başynda durnukly ulag ulgamynyň döredilmeginiň döwletler, regionlar we tutuş kontinentler üçin ägirt uly mümkinçileri açýandygyny belledi.

«Ulag pudagy bu günki gün dünýä ösüşiniň uzak möhletleýin perspektiwadaky ugurlaryny kesgitleýän esasy pudaklaryň biri bolmak bilen, dünýäniň geosyýasatynyň möhüm faktoryna aýlanýar» diýip, türkmen prezidenti aýtdy.

Şeýle-de ol «döwrebap, integrirlenen, deňagramlaşdyrylan we ýokary tehnologiýaly transport infrastrukturasynyň»häzirki zamanyň durnukly ösüş maksatlary nukdaý nazardan «obýektiw zerurlyk bolup durýandygyna ynanýandygyny» nygtady.

Prezident Berdimuhamedowyň ynanjyna görä, durnukly ulag ulgamynyň döredilmegi tutuş halkara jemgyýetçiliginiň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär.

Aşgabatda geçirilýän ýokary derejeli maslahata gatnaşýan delegasiýalaryň baştutanlarynyň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň prezidenti, Gürjüstanyň prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň premýer-ministri, Awstriýa Pespublikasynyň Milli Geňeşiniň ikinji prezidenti, Belarus Respublikasynyň Milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň başlygy bar diýip, türkmen mediasy ýazýar.

Şeýle-de bu maslahata ençeme ýurtdan hökümet agzalary, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň we düzümleriň - BMG-niň, onuň komissiýalarynyň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň, şeýle hem ÝHHG-niň, YHG-nyň, ŞHG-nyň, GDA-nyň, Ýewropa komissiýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşýarlar.

XS
SM
MD
LG