Sepleriň elýeterliligi

“1993-nji ýyldan bäri pasporta garaşýaryn”


Illýustrasiýa.

Illýustrasiýa.

BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky komiteti 30-njy noýabr, 1-nji dekabr aralygynda Türkmenistanda bu ugurda edilen işler baradaky hasabaty diňleýär.

Türkmenistanyň hökümeti Ženewadaky duşuşykda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek baradaky konwensiýanyň talaplary boýunça, dört ýyl mundan öň beren hasabatyndan bäri eden işleri hakynda anyk hasabat berýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistana daşardan gelen gelinleriň ýa-da etniki türkmenleriň dokument alyp bilmän onlarça ýyllap kösenip gelýändikleri barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Öz adynyň efirde agzalmazlygyny haýyş eden daşoguzly zenan 1984-nji ýylda goňşy Özbegistana durmuşa çykansoň, 1993-nji ýylda yzyna Türkmenistana dolanýar we Daşoguzda hasaba durýar. Emma aradan ençeme ýylyň geçendigine garamazdan, bu zenana we onuň ogluna Türkmenistanyň raýatlygy berilmeýär.

Ol bu barada we onuň öz durmuşyna ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG