Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabat Kerimowyň adyny göterjek köçäniň açylmagyna taýýarlanýar


Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde, ýakynda ýogalan, goňşy Özbegistan respublikasynyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň ady dakylmaly köçe.
Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde, ýakynda ýogalan, goňşy Özbegistan respublikasynyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň ady dakylmaly köçe.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde, ýakynda ýogalan, goňşy Özbegistan respublikasynyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň ady dakylmaly köçäniň açylmagyna garaşylýar.

Köçäniň haçan açyljakdygy barada resmiler tarapyndan anyk maglumat berilmese-de, köçäniň başynda Yslam Kerimowyň heýkeli, ýagny has takygy onuň býusty goýuljak ýeriň töweregini abadanlaşdyrmak boýunça gyzgalaňly işler dowam edýär.

Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üç aý mundan ozal özbek kärdeşini soňky ýoluna ugratmaga baranda, Yslam Kerimowyň adynyň Türkmenistanyň çar künjeginde köçelere, skwerlere dakyljakdygyny aýdypdy.

Häzirki wagtda Türkmenabadyň “Merkezi” etrapçasy bilen “Üç punkt” etrapçalarynyň arasynda ýerleşýän köçäniň ugrunda döwlet eýeçiligindäki edaralaryň işgärleri bilen bilelikde hususy firmalaryň işgärleriniň işleýändigini görse bolýar. Olar köçäniň ugruna ekilen täze nahallara gözegçilik edýärler, suw turbalaryny çekýärler, şeýle-de ýüze çykan islendik bir näsazlygy bejerýärler.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde, ýakynda ýogalan, goňşy Özbegistan respublikasynyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň ady dakylmaly köçe.
Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde, ýakynda ýogalan, goňşy Özbegistan respublikasynyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň ady dakylmaly köçe.

Bu işler üçin ol ýerde ýörite nobatçy brigadalar hem goýlupdyr we köçäniň ugrunda bejeriş işleri üçin edaralara degişli ulaglary hem görse bolýar.

Takyk maglumat bolmasa-da, gurluşyk işçilerinden we il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, bu köçäniň açylyş dabarasyna ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Emma Azatlyk Radiosyna bu habarlary tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Bu täze köçäniň we onuň ugrundaky jaýlaryň gurluşygynyň tamamlananyna bir ýyl gowrak wagt geçendigine garamazdan, henize çenli bu köçä hiç hili at dakylmandy. Jaýlaryň ýüzünde diňe jaý belgisini görse bolýar.

Şu wagtda çenli il arasynda “Dört ýol” diýlip tanalýan bu köçe özüniň asfaltlanyşy, ugrundaky arassaçylygy we täze ýol belgileri bilen beýleki köçelerden tapawutlanýar.

“Kimiň ady dakylsa-da, tapawudy ýok”

Bu köçäniň uzynlygyny anyk aýtmak kyn. Emma onuň uzynlygynyň ýarym kilometre barabardygyny çaklap bolar.

Yslam Kerimowyň adynyň Türkmenabatdaky köçeleriň birine dakylmagyna ýerli ilat o diýen parh etmeýär. Özüni Azat diýip tanyşdyran 41 ýaşly türkmenabatly ildeşimiz bu baradaky pikirini şeýle beýan etdi:

“Hawa, köçä Kerimowyň adynyň dakyljakdygyny eşitdik. Bolupdyr. Bize kimiň ady dakylsa-da, tapawudy ýok” diýip jogap berdi.

Ýeri gelende ýatlasak, golaýda Türkmenistanda iş saparynda bolan özbek žurnalistleri merhum Yslam Kerimowyň adynyň dakyljak köçesine baryp, ýörite suratly reportaž taýýarladylar.

“Kun.uz” neşiriniň çap eden suratlarynda Yslam Kerimowyň adyny götermeli skwer, onuň heýkeli we alnyp barylýan gurluşyk işleri hem görkezildi.

Özbegistana iki onýyllykdan gowrak ýolbaşçylyk eden Yslam Kerimow 90-njy ýyllarda bu şäheriň myhmany bolupdy. Ol şu ýylyň 2-nji sentýabrynda ýogaldy.

XS
SM
MD
LG