Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy tussag edildi


Allaşow Hudaýberdi
Allaşow Hudaýberdi

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Allaşow Hudaýberdi Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan tussag edildi. Mekan Täşliýew lakamy bilen, esasan Daşoguzdaky ýagdaýlar barada maglumat taýýarlan Allaşow geçen hepdäniň şenbe güni tussag edildi.

Şaýatlaryň gürrüň bermegine görä, 3-nji dekabr güni giçlik polisiýa işgärleri 27 ýaşly Allaşowyň öýüne kameraly gelip, ony nas serişdesini saklamakda aýyplap, Köneürgenjiň polisiýa edarasyna äkidipdirler. Allaşow bilen birlikde onuň ejesi we aýaly hem tussag edildi.

Atlandyrylmasyzlygyny soran wakanyň şaýatlarynyň gürrüň bermegine görä, Hudaýberdi öýünde özüniň atýan birnäçe bukja nasyny saklaýan eken. Emma häzir Hudaýberdä 11 kilogram nasy saklaýandygy barada aýyplamanyň bildirilýändigi belli boldy.

Waka şaýat bolanlar bu aýyplamalaryň toslamadygyny, şeýle-de ýerli polisiýa edarasyndaky bir çeşmäniň Hudaýberdini urup, gynap bu aýyplamany boýun aldyrandyklaryny mälim edendigini hem nygtap geçdiler. Bu maglumaty, ýagny polisiýa işgärleriniň Hudaýberdini urup, gynandygyny ýene bir çeşme tassyklady.

Allaşow Hudaýberdi Azatlyk Radiosy bilen oktýabr aýyndan bäri işleşip başlap, ol Daşoguzdaky mejbury pagta kampaniýasy, azyk gytçylygy, aýlyklaryň ençeme wagtlap berilmän saklanýandygy barada maglumatlar taýýarlaýardy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Tomas Kent Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilmeginiň hakyky sebäbini onuň žurnalistika işi bilen baglanyşdyrýar.

"Biz bu aýyplamalar Türkmen gullugyny sem etmek we türkmen halkyny gorkuzmak boýunça kampaniýanyň bir bölegi diýip hasap edýäris. Biziň habarçylarymyzy tutupdylar, üzňelikde saklapdylar, urupdylar, sorag edipdiler, eden-etdilikli tussag edipdiler we bizde olaryň gynamalara sezewar edilendigini çak etmäge esas bar. Biz türkmen häkimiýetleriniň muňa jogapkärdigini hasap edýäris" diýip, Tomas Kent aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, soňky döwürde Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna basyşlar has-da güýçlendi.

Azatlyk Radiosynyň Balkanabatdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew geçen ýylyň iýulyndan bäri tussaglykda saklanýar. Nepesgulyýewe neşe gaçakçylygy baradaky aýyplamalar ýöňkelip, ol 3 ýyl türme tussaglygyna höküm edilse-de, adam hukuklaryny goraýjy toparlar muny resmileriň Nepesgulyýewden žurnalistika işi üçin ar almak maksady bilen toslandyklaryny aýdýarlar.

Şeýle-de, bir aýyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa hem üç gezek hüjüm edilipdi. Açylowa munuň özüniň professional işi üçin edilýändigine ynanýandygyny aýtdy.

Ýatlap geçsek, 2006-njy ýylda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ogulsapar Myradowa türkmen türmesinde näbelli ýagdaýlarda ölüpdi.

Türkmenistan adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlary tarapyndan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirýär.

XS
SM
MD
LG