Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyrdy


Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyrdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Gynamalara garşy komiteti Türkmenistany gynamalardan el çekmäge çagyrdy.

Bu komitetiň 7-nji dekabrda ýaýradan jemleýji hasabatynda Türkmenistan türmelerde tussaglary gynamakda, şol sanda seksual zorluklary we urup-ýençmeleri yzygiderli amala aşyrmakda, şeýle-de syýasy tussaglary ýitirim etmekde aýyplandy.

“Erkinlikden mahrum edilen adamlaryň gynamalara we ýowuz daramalara, şol sanda urlup-ýenjilmelere giňden sezewar edilýändigi barada yzygiderli gelip gowuşýan maglumatlar örän alada döredýär” diýip, BMG-niň Gynamalara garşy komitetiniň çarşenbe günki hasabatynda aýdylýar.

BMG-niň bu çagyryşy ÝHHG-niň türkmen häkimiýetlerini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysyny dessine goýbermäge we onuň howpsuzlygyna kepil geçmäge çagyrmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow 3-nji dekabrda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde polisiýa tarapyndan öýünden äkidildi we gynamalara sezewar edildi. Ýerli polisiýa wekilleri onuň ejesini hem tussag etdi, aýalyny ýaş çagalarynyň öňünde urup-ýençdi.

XS
SM
MD
LG