Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Hazarda emeli ada gurýar


Awazada gurlan "Gami" oteli, 2016 ý.
Awazada gurlan "Gami" oteli, 2016 ý.

«Trend» habar gullugy, türkmen metbugatyna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň Türkmenbaşy aýlagynda emeli ada gurýandygyny habar berýär.

Ýarymaý şekilindäki adanyň gurluşygy iki ýyl ozal başlandy we onuň 160 gektar meýdany tutýandygy, ýagny 1 million 600 müň kwadrat metr boljagy habar berilýär. Bu territoriýada kiçi bolmadyk şäher ýerleşdirmek mümkin diýip, türkmen metbugaty ýazýar.

Mundan öň Türkmenistan Garagumda emeli köl gurmaga ýüzlerçe million dollar harçlan bolsa, ýakynda bahasy iki milliard dollardan aşýan täze aeroporty gurup gutardy we 5 milliard dollarlyk Olimpia şäherçesini gurýar.

Eýsem Hazarda gurulýan emeli adanyň nähili ykdysady ähmiýeti ýa manysy bar?

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosoynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brus Panniýeriň pikirine görä, «bu şu wagta çenli eşidilen iň bir akyla sygmaýan plan» bolup durýar.

"Hemmeler bilýär, Halkara pul fondy ýap-ýaňy bu ýurtda indi üýşüp ýatan puluň ýokdugyny görkezýän beýanat ýaýratdy. Kaspi deňzinde bir ada gurandan, olar türkmen topragyndaky ýerleri özleşdirmäge pul harçlan bolsalar has gowy bolardy. Ýagny o pullary Türkmenistandaky oba hojalyk proýektlerine ýa-da täze jaý gurmak ýaly bir zada ýatyran bolsalar bolmazmydy?" diýip, ekspert soraýar.

"Awaza ýaly bir kurort ýeriň barka, Kaspi deňzinde emeli ada gurmak nämä derkar? Bu kim üçin we ondan kim näme peýda görjek? Ýa bu turistler üçinmi? Awaza hakykatda boş diýen ýaly ýatyr ahyryn. Ýa-da olar emeli ada ýurda has köp adam çeker öýdýärlermikä? Men muňa şübhe bildirýärin» diýip, Brus Panniýer söhbetiň dowamynda aýtdy.

Elbetde, bu proýekt iki ýyl ozal, Türkmenistan häzirki ykdysady kynçylyklardan uzagrakka başlandy. Emma Aşgabat zeleliň ýaryndan gaýtman, halkyň şu günki ýagdaýynda bu proýekti näme üçin wagyz edýär?

Brus Banniýeriň pikiriçe, türkmen hökümetiniň nukdaý nazaryndan, bu olarda gurulýan Potýomkin obalary ýalybir zat.

«Adamlar ýagdaýyň barha we barha agyrlaşýandygyny görüp durlar. Emma türkmen hökümeti hemme zat gülala-güllük bolar diýmegini dowam etdirýär we ýagdaýyň olaryň pikir edişi ýaly erbet däldigini görkezmek isleýär» diýip, Panniýer aýdýar.

Ekspertiň pikiriçe, Aşgabat «biz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan geçirijisini gurýarys, biz Owganystan-Täjigistan demirýoluny gurýarys, biz Awazany gurmagy hem dowam etdireris, bizde geljek ýyl ýapyk binalarda söweş sungaty boýunça Aziada oýunlary geçiriler, indi bolsa biz ada hem gurýarys, ýagny biz batan, garyp düşen adamlar däl, bu garyp döwlet däl we şindi hem şu hili beýik proektlerimiz bar» diýmek bilen, adamlary ýurduň beýikligine, kuwwatlydygyna ynandyrmaga synanýar.

«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, häzirki wagtda ýerli we daşary ýurt ekologlary ada janly tebigatyň goralýan desgasy hökmünde gözegçilik edýärler.

Sebäbi, resmi metbugatda aýdylmagyna görä, ol esasan ekologiki syýahatçylyk üçin ulanylmaly.

Ýöne bu emeli adanyň döwlet gaznasyna näçe million dollara düşýändigi we oňa çykarylan çykdajynyň haçan, nähili ýagdaýda özüni ödejekdigi welin aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG