Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan potensial gaz resurslary boýunça täze sanlary öňe sürdi


Hazar gaz kompressory, Balkanabat
Hazar gaz kompressory, Balkanabat

Türkmenistan potensial gaz resurslarynyň möçberiniň ozalkysyndan has köpdügini görkezýän sanlary çap etdi.

Türkmenistanyň şu günki uglewodorod resurslarynyň potensial möçberiniň nebit görnüşinde 71.2 milliard tonnadan ybaratdygy, ondan 53 milliard tonnasynyň gury ýerde 18.2 milliard tonnasynyň deňiz giňişliginde ýerleşýändigini “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Aşyrguly Begliýewe salgylanyp Trend agentligi habar berdi.

Maglumatda bu sanlaryň 7-9-njy dekabrda Aşgabatda nebit-gaz boýunça boýunça geçirilen konferensiýada mälim edilendigi aýdylýar.

“Türkmengazyň” ýolbaşçysy Merkezi Aziýada “gök ýangyjyň” esasy öndürijisi bolan Türkmenistanyň önümçiligini artdyrmaga we ýakyn gelejekde tebigy gazy gaýtadan işlemäge ähli mümkinçiligi bar diýip, konferensiýada eden çykyşynda belledi.

Gaz baýlygynyň möçberi

Energiýa meseleler boýunça bilermen Aždar Gurdow Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň möçberi boýunça öňe sürlen soňky sanlaryň çaklanýan resurslara degişlidigini aýdýar: “Potensial resurslar we çykarylýan resurslar diýlen terminler. Potensial resurslar bilermenleriň çaklamalarynyň esasynda hasaplanylýar. Olar elbetde tassyklanan zapaslara degişli sanlara esaslanýar, emma umumy häsiýete eýe bolup, hakykatda öndürip bolýan resurslardan birnäçe esse ýokary bolýar. Üstesine, gaz önümçiligi üçin diňe gaz zapaslarynyň möçberiniň ululygy däl, gaz önümçiligiň bahasy, çykarylýan gazyň himiki düzümi ýaly talaplar örän möhüm”.

Türkmenistan öz gaz baýlygynyň möçberine degişli yglan eden ozalky sanlary boýunça dünýä derejesinde dördünji ýerde durýar.

Türkmenistanyň “Gaffney, Cline & Associates” (GCA) atly britaniýaly gurama salgylanyp berýän sanlaryna görä, ýurduň iň uly gaz ýatagy Galkynyşda (ozalky ady Günorta Ýolöten), şeýle-de Ýaşlar gaz ýatagynda bilelikdäki gaz baýlygyň möçberi 26.2 trillion kubometrden ybarat.

2011-nji ýylda “Gaffney, Cline & Associates” (GCA) guramasy 2006-njy ýylda açylan Türkmenistanyň Günorta Ýolöten gaz ýatagynyň ululugy boýunça dünýä derejesinde ikinji ýerde durýandygyny yglan etdi we bu ýerde ýerleşýän gaz zapaslaryň möçberini 21.2 trillion kubometr möçberinde kesgitlendi. Guramanyň ozalky çaklamlarynda Günorta Ýolöteniň gaz baýlygy 14 trillion kubometr gaz möçberinde anyklanandygy aýdylypdy.

Eksport mümkinçilikleri

Gaz söwdasy Türkmenistanyň esasy döwlet girdeýjisini emele getirýär.

Ýurduň gaz ýataklaryny “Türkmengaz” döwlet konserni özleşdirýär. Bu edara tebigy gazyň we suwuklaşdyrylan uglewodorod serişdeleriniň önümçiligini, gazyň gaýtadan işlenilmegini, gazyň we gaz önümleriniň transport edilmegini we söwdasyny amala aşyrýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy gazyny Hytaý we Eýran satyn alýarlar. Türkmen gazynyň ekport edilýän esasy bölegi 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi arkaly akdyrylýar.

Türkmenistandan ençeme ýylyň dowamynda ýylda onlarça milliard kubometr möçberde gaz satyn alan Orsýet türkmen gazyny satyn almagyny 2019-njy ýyla çenli doly ýatyrýandygyny dekabryň başynda resmi derejede yglan etdi.

Energiýa meseleler boýunça bilermenler häzirki wagtda dünýäde gazyň bahasynyň pese gaçmagynyň gaz eksportyna daýanýan ýurtlar üçin ykdysady kynçylyklary döredendigini aýdýarlar.

Muňa garamazdan, Türkmenistan gaz önümçiliginiň möçberini artdyrýar.

Türkmen resmileri 2016-njy ýylda öndüriljek gazyň möçberini 83.8 milliard kubometr derejesinde kesgitlediler we 2030-njy ýyla çenli ýurtda öndürýän tebigy gazyň möçberini ýene dört esse köpeldip, ýylda 230 milliard kubometre ýetirmegi planlaşdyrýandygyny yglan etdiler.

XS
SM
MD
LG