Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda nobatlara gözegçilik güýçlenýär


Nobatda ylalaşyksyzlyk döräp başlanda, polisiýa işgärleri ýagdaýa dessine goşulyp, galmagal edýänleri umumy nobatdan çykarýarlar. Arhiwden

Türkmenistanda häkimiýetler çilimiň ýüzlerçe adamlyk nobatyna gözegçilik etmek tagallalaryny güýçlendirip, dükanlaryň öňlerine howpsuzlyk gulluklarynyň goşmaça işgärlerini we ýörite kameralary ýerleşdirdiler.

Ýatladyp geçsek, ýurtda çilimiň söwdasyna garşy girizilen, şol sanda resmi taýdan diňe döwlet dükanlarynda satmak we adam başyna bir gutudan artyk berilmeli däldigi baradaky ençeme tapgyr çäklendirmelerden soňra-da, çilimiň ýiti gytçylygy duýulýar.

Temmäki önümleriniň dükanyň tekjelerinden ençeme aýlap dolulygyna ýitýän halatlary hem seýrek däl; çilimiň söwdasy ýaňadandan başladylanda bolsa, dükanlaryň öňlerinde çilimkeşleriň uly nobaty döreýär.

Ençeme ýüz adamlyk nobatlarda dawa-jenjelleriň, ýakalaşmalaryň, hatda galagoply ýagdaýlaryň hem ýüze çykýandygy barada, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Şu hepdäniň başynda Marynyň Türkmengala etrabynyň söwda nokadynyň öňüne 19 manatdan satylýan çilimi almak üçin ýygnanan 500 töweregi adamynyň arasynda dörän itekleşik-gyslyşykda, dükanyň haýatynyň ýykylandygy barada diňleýjilerimiziň birinden maglumat gelip gowuşdy.

Özüni Mergen diýip tanadan diňleýjimiz bu ýagdaýa gözegçilik üçin sebite ugradylan polisiýa işgärleriniň hem täsir edip bilmändigini, hadysanyň ertesi güni dükanyň doly ýapylandygyny hem sözüne goşdy.

Marynyň Baýramaly etrabynda bolsa, ýerli häkimiýetleriň çilime nobata duranlary ýangyn söndüriji maşynyndan basyşly suw sepip, dargadandygy barada hem maglumat geldi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Daşogzuň Köneürgenç şäherinde polisiýa dükana gelenleriň ulaglarynyň döwlet belgilerini alyp, nobaty dargatmakçy bolanda, ýaşaýjylar bilen hukuk goraýjy işgärleriň arasynda çaknyşyk hem ýüze çykypdy.

Bu ýagdaýlaryň fonunda häzir iň azyndan Aşgabadyň çilim satýan dükanlarynda howpsuzlyk işgärleriniň sany artdyryldy we ýörite wideokamalar ornaşdyryldy.

“Çilim nobatlary 500 adamdan hem geçýändir. Ozallar nobatlara 5-6 polisiýa we raýat eşigindäki komitetçikler [Milli Howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri] gözegçilik eden bolsalar, indi olaryň sany 15-20-ä ýetýär. Dükanlaryň gapylarynyň öňünde [wideo] kameralar hem goýlupdyr” diýip, paýtagtyň “Köşi” sebitindäki 22-nji dükanynda çilim nobatyna duran aşgabatlylaryň biri gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, haçan-da nobatda ylalaşyksyzlyk döräp başlanda, polisiýa işgärleri ýagdaýa dessine goşulyp, galmagal edýänleri umumy nobatdan çykarýarlar.

Ýeri gelende bellesek, häzir Türkmenistanda çilim nobatlary bilen birlikde, ýurduň dürli künjeklerinde defisit harytlara öwrülen uny, ýagy we şekeri almak üçin nobata duran ýüzlerçe adamlary-da görse bolýar.

Türkmen häkimiýetleri eýýäm ençeme aýdan bäri dowam edip gelýän bu ýagdaý barada açyk gürrüň etmeseler-de, bu baradaky maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilendigine çalym edýän hereketi amala aşyryp başladylar.

Daşoguzda ýüzlerçe adamlaryň nobatlaryna gözegçilik edýän howpsuzlyk işgärleri wideo we surat düşürilmez ýaly, adamlaryň ellerinden mobil telefonlaryny wagtlaýyn alyp başladylar.

Aşgabatda bolsa ýerli häkimiýetler döwlet edaralarynyň işgärleriniň nobatlarda “görünmeli däldigini” talap edip, bu görkezmäni bozanlaryň wezipelerinden boşadyljakdygyny duýdurdylar.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Soltan Açylowa ýüzlerçe adamlyk nobatlary surata almakçy bolanda, oňa hüjüm edilip, elinden zor bilen wideo kamerasy hem alnypdy.

Türkmenistanda harytlaryň barha gymmatlamagy we gytalmagy, şeýle-de uly nobatlaryň döremegi barada döwlet mediasynda kelam agyz söz aýdylmaýar. Muňa garamazdan, ýurduň şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça “ykdysady ösüşi gazynandygy” dogrusynda “ösüş” sanlary getirilýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG