Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Gyt harytlar indi satylýar, emma nobatlar saklanýar


Aşgabadyň dükany, 27-nji dekabr, 2016.
Aşgabadyň dükany, 27-nji dekabr, 2016.

Aşgabadyň uly bazarlarynda we söwda nokatlarynda satylýan harytlaryň mukdary we görnüşleri täze ýylyň öňüsyrasynda göz-görtele köpeldi.

Ilkinji nobatda, ençeme wagt bäri satuwda bolmadyk towuk eti we ýumurtga satylyp başlandy.

“Towuk etiniň dürli görnüşleri öňküsinden has gymmat bahadan bolsa-da, şu günler satylýar. Bahasy 10 we 20 manat aralygynda. Ýumurtga hem satuwda bar. Ony esasan ulaglarda we goşmaça söwda tekjelerinde satýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň aşgabatdaky habarçysy gürrüň berýär.

Türkmenistanda öndürilen towuk eti soňky bir aýa golaý wagtlap, ýumurtga soňky iki hepde satuwda bolmandy.

Şeýle-de, şu günler paýtagtyň bazarlarynda dürli bahadan sygyr, goýun etiniň we balyk önümleriniň bardygy aýdylýar.

Emma soňky günlerde Aşgabadyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde ozalkysyndan has köp möçberde satylýan azyk önümleriniň esasy bölegini daşary ýurtlardan getirlen harytlar tutýar. Orsýetden, Ukrainadan we Gazagystandan getirilen süýji-kökeleri, süýt önümlerini, daşary ýurtlardan getirilen gök we miwe önümlerini görse bolýar.

Emma bu harytlara hyrydar köp däl.

Alyjylaryň aglaba bölegi arzanrak bahaly şeker we daşary ýurtlardan getirilen, emma öndürilen ýeri görkezilmedik il içinde “Buşuň aýajyklary” atlandyrylýan towuk etini satyn almak üçin nobata durýarlar. Şu günki gün bazardaky harytlar bilen deňeşdirilen has arzan bahaly şeýle harytlaryň köplenç goşmaça döredilen nokatlarda we köçelerde satylýandygyny ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

“Parahat-1 mikroraýonynda ýakynda açylan täze bazarda diňe 3-5 manatlyk şekeri we “Buşuň aýaklaryny” satyn almak üçin duran adamlaryň nobatyny gördüm” diýip, aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berdi.

Aşgabatdaky ýene bir çeşmämiz “Teke bazarynda” agzalan harytlaryň satylan ýerinde basa-baslygyň dörändigine şaýat bolandygyny aýtdy.

Aşgabatda azyk önümleriniň ozalkysyndan köpelen wagtynda, olaryň gymmatlandygy hem duýulýar. “Berkarar söwda merkezindäki Kämil dükanynda öň 70 teňňeden satylan türk çöregi indi 90 teňňä durýar. Ýurtda öndürilen mesgäniň bahasy daşary ýurtlaryň önümleriniň bahasyna golaýlap, 180-200 grammy 6-9 manada ýetdi.

Paýtagtdan başga ýerde ýagdaý nähili?

Türkmenistanyň paýtagtynda şu günki gün dörän “azyk bolçulygynyň” ýurduň welaýatlarynda göze ilmeýändigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan regionyň ýaşaýjylary gürrüň berýärler.

Hususan-da, Daşoguzda haryt gytçylygynda bahalaryň hasam gymmatlandygy aýdylýar.

“Günebakar ýagy şu günki gün gyt haryt. Ýokary hilli un hem tapdyrmaýar. Gazagystanda öndürilen un bar, emma gymmat bahadan. Ýurtda öndürilen kökelerem iki esse gymmatlady. Pagta ýagy tapdyran ýagdaýynda-da, onuň hili örän erbet. Ýagyň hapalygyndan ýaňa nahar bişirilende, sabyn ýaly köpürjik gazany doldurýar” diýip, Daşoguzyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, Daşoguz şäherinde we S.Nyýazow adyndaky etrapda 19 manatdan satylýan bir guty çilimi satyn almak isleýän alyjylar onuň gapdalyndan, Türkmenistanda öndürilen erkekleriň içki geýimini hem satyn almaga mejbur edilýär.

19 manatdan satylýan bir guty çilimi satyn almak isleýän alyjylar onuň gapdalyndan, Türkmenistanda öndürilen erkekleriň içki geýimini hem satyn almaga mejbur edilýär.

“Şekeri satanlarynda 3.20 manatlyk bir kilosynyň gapdalyndan bahasy 4 manatlyk miwe suwuny satyn almaly bolýar” diýip, daşoguzly söhbetdeşimiz aýdýar.

Aşgabatda şu günler çilim ugrundaky nobatlaryň köplenç göze ilmeýändigini, sebäbi diňe döwlet gözegçiligindäki dükanlarda satylýan çilimiň satuwda seýrek bolýandygyny, çilim satylan wagtynda bolsa nobatlaryň dükanlaryň arka tarapynda döredýändigini ýerli ýaşaýjylar Azatlyk Radiosyna habar berdiler.

Gözegçilik dowam edýär

Şeýle azyk nobatlary howpsuzlyk güýçleriniň gözegçiliginde galýar.

“Daşoguzda her nobata 4 sany ýol polisiýasy, 5 polisiýa işgäri we 2 sany milli howpsuzlyk wekili gözegçilik edýär” diýip, daşoguzly çeşmämiz aýdýar.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň esasy azyk harytlaryny satyn almak üçin durýan nobatlaryna gözegçiligini soňky aýlarda güýçlendirdiler. Her bir nobata resmi geýimli polisiýa işgärlerinden daşary adaty geýimli howpsuzlyk wekilleriniň hem gözegçilik edýändigi aýdylýar. Döwlete degişli edaralaryň işgärlerine nobatlarda durmazlyk tabşyryldy we tutulanlaryň işden kowuljagy duýduryldy.

Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri nobatlaryň surata düşürilmezliginiň öňüni almak boýunça, dürli çäreleri geçirýärler. Aşgabadyň ýaşaýjylary nobatlarda hatda mobil telefonlaryny ulanmagynyň hem çäklendirilýändigini aýdýarlar.

“Men şeker satyn almak üçin nobatda garaşyp duran wagtymda telefonumy açjak bolanymda, birden graždan eşikli biri öňümde peýda boldy we ‘näme edýäň, görkez telefonuňy’ diýip, telefonumy elimden aljak boldy” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly zenan gürrüň berdi.

Soňky döwürde nobatlarda duran adamlaryň mobil telefonlary elinden alnan pursatlarynyň ençemesi barada habar berildi.

Geçen aýda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy nobaty surata düşürjek bolanda hüjüme sezewar boldy we onuň kamerasy elinden alyndy.

Türkmenistanda täze ýylyň öňüsyrasyndaky azyk üpjünçiligi, kanuny goraýjylaryň nobatlara gözegçiligi prezident Berdimuhamedowyň azyk bolçulygyny üpjün etmek barada beren tabşyrygynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şol bir wagtda-da türkmen hökümeti ýurtda azyk önümleriniň gytçylygy, nobatlaryň dowam etmegi adamlaryň öz gazanjyny nagtlaşdyryp bilmän kösenmegi ýaly problemalary resmi taýdan agzamazlygyny dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG