Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow “ösüş sanlaryny” getirdi, kynçylyklary agzamady


Prezident G.Berdimuhamedow aýlyklary tölemek bilen bagly “hiç hili meseleleriň ýokdugyny” aýtdy.
Prezident G.Berdimuhamedow aýlyklary tölemek bilen bagly “hiç hili meseleleriň ýokdugyny” aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistanda azyk harytlaryň gytçylygy we aýlyklaryň ençeme aýlap gijikdirilmegi bilen birlikde, jemi bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 202 sany desga işe girizilipdir. Bu barada prezident G. Berdimuhamedow anna güni geçen Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde mälim etdi.

Berdimuhamedow ýurduň özgerýändiginiň bir mysaly hökmünde getiren bu maliýe çykdajylarynyň arasynda: 2.23 milliard dollarlyk Aşgabatdaky Halkara howa menziliniň we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýol proýektiniň 500 million amerikan dollaryna barabar bolan türkmen böleginiň hem bardygyny belledi.

Mundan başga-da, Berdimuhamedow ençeme milliard dollarlyk desgalar bilen birlikde, dünýädäki ykdysady çökgünligiň fonunda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň pese düşmezligi üçin, “ähli zerur çäreleriň görlendigini” aýtdy.

Ol bularyň netijesinde “harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna ýol berilmändigini”; ýaşaýjylaryň aýlyk haklarynyň ýene 10% artdyrylyp, olary tölemek bilen bagly hem “hiç hili meseleleriň ýokdugyny” sözüne goşdy.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedow şeker, ýag ýaly harytlaryň gytçylygynyň döremegi ýa-da dükan tekjelerinden doly ýitirim bolmagy; defisit harytlaryň ýüzlerçe adamlyk nobatlary; aýlyklaryň ençeme aýlap berilmezligi ýaly ýagdaýlar dogrusynda hiç zat aýtmady.

Ýatlap geçsek, manadyň “gara bazarda” hümmetsizlenip başlamagynyň yzy bilen, ýurtda hem daşary ýurtlardan getirilýän, hem-de ýurduň özünde önýän harytlaryň bahalary galyp başlady. Türkmen häkimiýetleri nyrhlaryň artmazlygy üçin söwdegärlere basyş etseler-de, satyjylar – zyýana galmazlyk üçin – harytlaryň öňünde bir bahany görkezip, aslynda bolsa has gymmada satmaga mejbur bolandyklaryny gürrüň beripdiler.

Şol bir wagtda, bahalaryň gymmatlamagy bilen birlikde ýurtda ýag, şeker, ýumurtga, towuk eti ýaly harytlaryň defisiti döredi we olaryň söwdasy ençeme ýüz adamlyk nobatlary emele geldi. Daşoguzda bolsa adamlar gyt harytlaryň nobatynda bir aý öňünden ýazylmaly bolýarlar.

Prezident aýlyklary tölemekde “meseleleriň ýokdugyny” aýtsa-da, ýurduň dürli pudaklaryndan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanlar aýlyklarynyň 2-3 aýlap gijikdirilýändigini; şeýle-de plastik kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny bankomatlarda pul ýetmezçiligi sebäpli nagtlaşdyryp bilmeýändikleriniň aýdyp, öz nägileliklerini bildiripdiler.

Geçen hepdede geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Berdimuhamedow ýurtda saparda bolan Halkara Walýuta Fondunyň wekilýetiniň “[Türkmeinistanyň] ykdysady ulgamda kabul eden çözgütleriniň we saýlap alan ýolunyň dogrudygyny tassyklandygyny” öňe sürdi.

Şol bir wagtda, Türkmenistana eden saparynyň jemleri boýunça Halkara Walýuta Fondunyň ýaýradan beýanatynda, ýurduň ykdysady ösüşiniň haýallamagynyň dowam etjekdigi nygtalypdy.

XS
SM
MD
LG