Sepleriň elýeterliligi

Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy – Allaşow Daşoguza geçirildi


Hudaýberdi Allaşow

Hudaýberdi Allaşow

Azatlyk Radiosynyň tussaglykdaky habarçysy Hudaýberdi Allaşow Köneürgenjiň deslapky tussaghanasyndan welaýat merkezine geçirildi.

Azatlyk Radiosyna gowşan soňky maglumatlara görä, Hudaýberdini we onuň ejesi – Gurbantäç Arazmädowany 14-nji dekabrda ýörite ulag bilen Daşoguz şäherine äkidipdirler.

Ýatladyp geçsek, Mekan Täşliýew lakamy bilen çykyş eden, 27 ýaşly Allaşow 3-nji dekabrda 11 kilogram nas serişdesini saklamakda aýyplanyp tussag edilipdi.

Şol bir wagtda, žurnalistiň ýakynlary we wakanyň şaýatlary bu aýyplamalaryň toslamadygyny, Hudaýberdiniň öýünde öz şahsy ulanyşy üçin, 20 gramlyk birnäçe nas bukjasynyň bolandygyny aýdypdylar.

Şol pursat, Hudaýberdi bilen birlikde onuň ejesi we soňra aýaly – Ejeş hem tussaghana äkidilipdi. Azatlyk Radiosyna – ençeme çeşmeleriň üstünden – tussaglyk döwri Hudaýberdiniň polisiýa işgärleri tarapyndan ýenjilendigini, şol sanda elektrik togy bilen hem gynalandygyny anyklamak başartdy.

Ýerli howpsuzlyk işgärleriniň Hudaýberdi Allaşowyň aýaly Ejeşe hem – iki sany ýaş çagasynyň gözüniň alnynda – el gatandygy barada maglumatlar gelip gowşupdy. Ynamdar çeşmeleriň tassyklamagynda görä, polisiýa Ejeşe Hudaýberdiniň tussag edilmegi bilen baglylykda maglumat berendigi sebäpli basyş edipdir.

Azatlyk Radiosynyň howpsuzlyk gullugyndaky çeşmeleri häzir Allaşowyň we onuň ejesiniň Daşogzuň deslapky tussaghanasynyň ikinji gatyndaky, ýagny gözegçiligi güýçlendirilen kamerada saklanýandygyny mälim etdi.

Emma Hudaýberdiniň aýaly we sebitdäki beýleki çeşmeler bilen ýiten aragatnaşykdan soň, Ejeşiň häzirki ykbaly barada häzirlikçe hiç hili maglumat ýok.

Galyberse-de, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy, ABŞ-ly ýokary derejeli resmiler, şeýle-de, adam hukuklaryny we media azatlygyny goraýjy guramalaryň ençemesi žurnalist Hudaýberdi Allaşowyň ykbalyna aladalanma we onuň tizden-tiz azatlyga çykarylmagyna çagyryş edipdiler. Hukuk goraýjy toparlar türkmen häkimiýetleriniň Allaşowdan onuň žurnalistiki işi üçin ar alandygyny nygtapdylar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, soňky döwür türkmen häkimiýetleriniň Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylaryna we olaryň dogan-garyndaşlaryna edýän basyşlary has-da güýçlendi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG