Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Aýlyklar 10, nyrhlar 100 prosent gymmatlady


Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde noýwa satýan zenan.

Türkmenistanyň bazarlarynyň birinde noýwa satýan zenan.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda býujet işgärleriniň aýlyklary, studentleriň stipendiýalary, pensiýalar we beýleki sosial tölegler 10% artdyryldy. Emma şol bir wagtda, ýurtda halkyň sarp edýän azyk we senagat önümleriniň bahasy soňky alty aýda azyndan 100% gymmatlady.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň iýul aýynyň ortalarynda prezident G.Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we stipendiýalaryň möçberini 10% ýokarlandyrmak baradaky permana gol çekipdi.

Şol permana laýyklykda, ýurtda iň pes aýlygyň möçberi 650 manatdan ybarat bolar we tölegleriň kesgitlenmegi bu möçberden ugur alnar. Şeýle-de, ýurtdaky iň pes pensiýa haky 254 manada, iň pes döwlet kömek pullary 242 manada, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan adamlaryň iň pes pensiýa haky 1063 manada barabar bolar.

Aýlyklar artdyrylmazdan öň, harytlar gymmatlady

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň iýulynda, geljek ýylyň ýanwaryndan aýlyklaryň 10 prosent köpeldilmegi baradaky karara gol çekilýär.

Emma Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda aýlyklaryň artdyryljakdygy yglan edilen dessine, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk we senagat önümleriň bahasy gymmatlap başlaýar.

Soňky alty aýyň dowamynda Aşgabatda ilatyň sarp edýän azyk harytlarynyň bahasy azyndan 100% gymmatlady diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

“Prezident aýlyklar, kömek pullary, pensiýalar we stipendiýalar 10% köpeldiljek diýenden soňra, nyrhlaryň ýokarlanmagy mundan alty aý ozal aýlyklaryň artdyryljakdygy yglan edilenden soňra başlandy. Durmuş gymmatlady, 2015-nji ýyldan 2016-nji ýyla geçilendäkiden, 2016-njy ýyldan 2017-njy ýyla geçilende, durmuş juda gymmatlady. Ýöne munuň düýp sebäbi Türkmenistanda aýlygyň galdyrylmagy şeýleleýin edilýän gürrüň. Aýlyklar her ýylda 10% galdyrylýan bolsa, real ýagdaýda bahalar, nyrhlar azyndan 100% gymmatlaýar” diýip, synçy Bugaýew aýdýar.

“Häkimiýetler harytlaryň arzan nyrhyny saklamaga synanyşýar”

Şol bir wagtda, Bugaýew soňky iki hepdä golaý wagtyň dowamynda türkmen häkimiýetleriniň Aşgabadyň bazarlaryndaky harytlaryň bahasyny arzan görnüşde saklamak ugrunda söwdagärlere basyş edýändigini, ýagny olardan harytlary döwletiň kesgitlän nyrhyndan satmagy talap edýändigini aýdýar.

“Harytlaryň öňünde ýazylyp goýlan ýazgy bilen, nyrhlaryň satuw bahasy deň däl. Meselem, 1 kilogram naryň bahasy 5-6 manat diýlip ýazylan bolsa, şony 12-13 manatdan bärde satanoklar. Ýöne [söwdagärler] ýokardan berlen görkezmede harytlar arzan diýlip görkezilmeli, bazar administrasiýasynyň-da talaby şeýle diýýärler. Satyjylary [galp] ýazgy ýazmaga mejbur edýärler, ýöne olar gymmat satanda welin, alyjynyň baryp arz edere ýeri ýok” diýip, Bugaýew aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan başlap, Türkmenistanda ABŞ dollarynyň nagt görnüşindäki satuwy doly ýatyryldy. Munuň yz ýany, Türkmenistanyň ähli regionlarynda azyk we senagat harytlarynyň bahasy öňküsinden telim esse gymmatlady.

Käbir döwlet edaralarynyň işgär sany azaldyldy, aýlyklar birnäçe aýlap gijikdirildi. Şeýle-de, ýurtda şeker, ösümlik ýagy, un, towuk eti we ýumurtga ýaly käbir azyk önümleriň ýiti gytçylygy emele geldi.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň 1-nji ýanwaryndan, aýlyklar 10 prosent artdyrylýar. Emma şol bir wagtda, inflýasiýanyň derejesi, harytlaryň we hyzmatlaryň näçe gymmatlandygy barada aýdyň maglumatlar çap edilmeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG