Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Türkmenistan gazy keseni üçin jerime tölemeli bolar


Gazgeciriji.
Gazgeciriji.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Türkmenistan Eýrana akdyrýan gazyny keseni üçin jerime tölemeli bolar diýdi. Aşgabat bolsa Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň çäklendirilmek ähtimallygy barada, Tähranyň öňünden duýdurylandygyny aýdýar.

Eýranyň “Asr-e Iran” atly websaýtynyň 2-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň metbugat wekili Majid Boujarzadeh “Türkmenistan öz üstüne düşýän borçnamalaryny ýerine ýetirmelidir. Bu borçnamalary ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, oňa jerime salnar” diýdi.

Ýatladyp geçsek, 1-nji ýanwarda Eýranyň Milli gaz kompaniýasy ýörite beýanat ýaýradyp, Türkmenistan iki ýurduň arasyndaky gaz dawasy bilen baglylykda Eýrana akdyrýan gazyny “birden” kesdi diýdi. Tähranyň ýaýradan beýannamasynda Türkmenistanyň bu hereketi iki ýurduň arasyndaky gaz ylalaşygynyň açyk bozulmasy diýlip atlandyryldy.

Bu aralykda, 3-nji dekabrda Türkmenistanyň ýarymresmi “Turkmenistan.ru” neşiri hem ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýaýradan beýanatyna salgylanyp, “Eýranyň we käbir beýleki döwletleriň media serişdelerinde Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gaz gatnaşyklary bilen baglanyşykly gapma-garşylykly maglumatlaryň peýda bolandygyny” ýazdy.

“Öňünden duýduryldy”

“Olaryň käbirlerinde Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň, hamana, birden we ikitaraplaýyn ylalaşmazdan kesilendigi aýdylýar. Käbir beýleki metbugat serişdelerinde bolsa, Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazyny satyn almak barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol goýdy diýlip ýazylýar” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu maglumatlary esassyz diýip atlandyryp, “Hakykatda, 1997-nji ýyldan bäri Eýrana gaz akdyrmak boýunça türkmen gazyny satmak we satyn almak baradaky şertnama laýyklykda, Türkmenistan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ähli düzgünlerini doly berjaý edýär” diýýär.

Muňa garamazdan, gynansak-da, 2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi diýlip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda 2016-njy ýylyň dowamynda gaz pudagyndaky ýakymsyz ýagdaý we Eýrana akdyrylýan türkmen tebigy gazynyň çäklendirilmeginiň mümkindigi dogrusynda Eýran tarapynyň resmi derejede yzygiderli habarly edilendigi, öz-özüni dolandyrýan ‘Türkmengaz’ döwlet konsernine tölenmeli berginiň gijikdirilmeginiň Türkmenistanyň gazyny Eýrana akdyrýan gaz sistemalaryndaky işiň tehniki taýdan durmagyna getirip biljekdiginiň duýdurylandygy bellenilýär.

Şol bir wagtda, bu meseläniň operatiw çözgüdi üçin, türkmen tarapynyň ençeme teklipleri hödürländigi hem nygtalýar.

Dostlukly bolmadyk hereketler

Muňa garamazdan, Türkmenistanyň konstruktiw inisiatiwalaryna Eýranyň Milli gaz kompaniýasyndan oňaýly reaksiýa bolmany we onuň özara kabul ederlikli çözgütleri tapmakda passiw bolmagy, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Eýrana akdyrylýan tebigy gazyň mejbury kesilmegine getirdi diýlip, türkmen Daşary işler ministrligi aýdýar.

Beýanatyň soňunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu meseläniň syýasylaşdyrylmagy boýunça islendik synanyşyklara Türkmenistan babatynda dostlukly bolmadyk hereketler hökmünde garaljagyny we türkmen tarapynyň olary dessine ret etjekdigini nygtady.

Ýatladyp geçsek, 2016-njy ýylyň dekabr aýynda Tähran Türkmenistanyň 2007-2008-nji ýyllarda Eýrana akdyran gazy üçin 1,8 milliard dollar bergisiniň bardygyny öňe sürüp, gaz akdyrmagyny bes etmek bilen haýbat atýandygyny mälim edipdi.

Türkmenistanyň gazy kesmek baradaky kararynyň öňýany, ýagny 30-njy dekabrda Aşgabatda gaz dawasy bilen baglylykda, eýran wekilleri bilen türkmen resmileriniň arasynda gepleşikler geçirilipdi.

Türkmenistan soňky sapar 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Eýrana eksport edýän gazyny kesipdi. Aşgabat şonda muny “geçirijidäki tehniki işler” bilen düşündirse-de, bu ädim türkmen gazynyň bahasy ugrundaky gepleşiklere gabat gelipdi.

XS
SM
MD
LG