Sepleriň elýeterliligi

Çilimkeşlerden güwänamalar soralýar


Çilimkeş zenan. Arhiwden

Çilimkeş zenan. Arhiwden

Balkanyň Türkmenbaşy şäherinde çilim satyn almakçy bolýan aýallardan, ýerli Narkologiýa bölüminden ýörite güwänamany almak talap edilýär diýip, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” neşiri maglumat berýär.

Ýatladyp geçsek, ýurtda gyt haryda öwrülen çilimiň söwdasyna girizilen ençeme tapgyr çäklendirmeleriň biri-de; onuň aýal maşgalalara satylmazlygydyr.

Internet neşiriniň maglumatyna görä, şu aýyň başyndan bäri Türkmenbaşy şäheriniň döwlet dükanlaryndan çilim satyn almakçy bolýan aýallara özleriniň “temmäki önümlerine ýapjadygy” barasynda hasaba durandygyny görkezýän ýörite güwänamany almaga borçly edildiler.

“Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” häzir şäheriň Narkologiýa bölüminiň öňünde soralýan güwänamany almak üçin, 300-350 aýal maşgalanyň nobata durandygy, olaryň hatda gijelerine nobatçylyk edýändigi barada maglumat berýär.

Şol bir wagtda, bu neşir ýurduň beýleki künjeklerinde ýokarda beýan edilen ýagdaýlar dogrusynda maglumatynyň ýokdugyny belleýär. Azatlyk Radiosynyň öz çeşmeleri-de Türkmenistanyň galan raýonlarynda aýallara çilim satmazlyk baradaky gadagançylygyň saklanyp galýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleri bolsa, döwlet dükanlarynda çilimleriň aýallara satylmaýandygy, umuman, sebitde temmäki önümleriniň gaty seýrek satuwda bolýandygyny aýdýarlar.

“Geçen anna güni ‘Saparmyrat Nyýazow’ etrabynyň dükanlarynda çilim satylyp başlandy. Bar çilim 25 minuda ýetip-ýetmän gutardy. Aýallara çilim satylmaýar, hatda çilimkeş erkeklerden hem degişli arçynlykdan ‘görkezilen adama çilim satsa bolýar’ diýen sprawkany soraýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, geçen anna gününden bäri etrabyň döwlet dükanlarynda asla çilim satylmandyr. Şol bir wagtda, çilimiň şu hepde satylyp başlanjakdygy baradaky gep-gürrüňleriň fonunda eýýäm müň adamdan hem geçýän sanaw düzülipdir.

Aşgabatda çilimkeş aýallaryň – adam başyna bir gutudan artyk satylmaýan – 19 manatlyk çilimi alyp bilmek üçin, ýörite adamlary hakyna tutýandyklaryna üns çekilýär. Çilim söwdasyndaky soňky özgertmeleri yzarlaýan aşgabatly çilimkeş Amanmyrat Bugaýew paýtagtyň sanlyja döwlet dükanlarynda satylýan çilimiň ýüzlerçe adamlyk nobatlarynyň bir çetinde aýallaryň hem garaşyp durandygyny, olaryň beýleki erkek kişilere, çilimiň resmi bahasynyň üstüne ýene alty manat dagy goşup berýändiklerini gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ýurduň dürli künjeklerinden, şol sanda paýtagtdan hem gelip gowuşýan maglumatlara görä, döwlet dükanlarynda satuwa çykarylýan temmäki önümleriniň ilatyň talabyny ödärden gaty azdygy görünýär.

Döwlet dükanlarynda çilim söwdasynyň diňe 1-2 sagat dowam edensoň, nobata duran ençeme ýüz adama “çilimiň gutarandygynyň” yglan edilýändigi aýdylýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda çilim söwdasyny diňe döwlet eýeçiligindäki dükanlaryň alyp barmagyna rugsat edilýär. Emma bu söwda nokatlaryndan ençeme ýüz adamynyň çilim alyp bilmeýänliginiň fonunda, hususy dükanlarda – resmi bahadan telim esse gymmat satylýan – çilimiň gizlin söwdasy hem döräp başlady. Bu ýagdaýlarda, çilim alyp bilmeýänleriň dürli ösümlikleriň ýapraklaryny guradyp, olary çilim ornunda çekýändikleri barada hem ýurduň dürli sebitindäki ýaşaýjylardan maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmen emeldarlary we mediasy ýurtda temmäki önümlerine garşy “netijeli göreş” alnyp barylýandygy barasynda aýdylsa-da, çilimiň gytçylygy, oňa girizilýän çäklendirmeler we çilimkeşleriň ençeme ýüz adamlyk nobatlary dogrusynda hiç zat aýdylmaýar.

Galyberse-de, Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy Türkmenistanyň çilim çekýänleriň sany boýunça dünýäde iň aşakdaky derejelerde durýandygyny, ilatyň diňe 8% çilim çekýändigini aýtdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG