Sepleriň elýeterliligi

Ermenistan, Eýran we Türkmenistan energiýa üpjünçiligini maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň Ermenistandaky iliçisi Muhammetniýaz Maşalow (çepde), Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Saýed Kazem (arkada) we Ermenistanyň premýer-ministri Karen Karapetýan.

Ýerewanda türkmen we eýran wekilleriniň hem gatnaşmagynda özara umumy, şol sanda energiýa üpjünçilik proýektleri barada maslahat edildi.

Duşenbe güni Ermenistanyň premýer-ministri Karen Karapetýan Türkmenistanyň we Eýranyň ilçileri, degişlilikde Muhammetniýaz Maşalow we Saýed Kazem bilen duşuşyp, üç taraplaýyn hyzmatdaşlygy we ykdysady gatnaşyklary artdyrmagyň ýollaryny maslahat etdiler.

“Biz Ermenistan-Eýran-Türkmenistan üç taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýäris. Biziň öz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçiligimiz bar. Şu mazmunly duşuşygyň hut 2017-nji ýylyň ilkinji iş günlerinde geçirilmegi hem biziň hyzmatdaşlygymyzyň nä derejede möhümdigini görkezýär” diýip, ermeni premýer-ministriniň edarasynyň ýaýradan beýanatynda nygtalýar.

Resmi maglumatda maslahatyň dowamynda gepleşikleriň energiýa üpjünçilik meselelerine gönükdirilendigi nygtalyp; onuň dowamynda umumy iş toparyny döretmek we anyk programmalar dogursynda gepleşikleri alyp barmak barada ylalaşylandygy bellenilýär. Şol bir wagtda, Ermenistan bilen umumy serhedi bolmadyk Türkmenistanyň energiýa üpjünçilik proýektlerine haýsy ugur boýunça orun tutup biljekdigi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, 1990-njy ýyllarda Türkmenistan Ermenistanyň esasy gaz üpjünçilikleriniň biri bolupdy. Ermeni hökümeti Russiýanyň “Gazprom” kärhanasy bilen şertnama baglaşyndan soň ýagdaýlar üýtgedi. Häzir “Gazprom” Ermenistanyň gaz harajatlarynyň 80% töweregini üpjün edýär; Galan 20%-ni bolsa Eýranyň paýyna düşýär.

Bu aralykda, halkara energiýa eksperti Jon Roberts eger-de gepleşikleriň dowamynda türkmen gazyny Eýranyň üstünden Ermenistana ýaňadandan eksport etmek barada gepleşikler alnyp barylan bolsa, munuň häzir Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dörän gaz dawasy sebäpli amala aşman biljekdigine ünsi çekýär.

“Munuň amala aşmagyna Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda häzirki dörän syýasy ýagdaý böwet bolup biler” diýip, Roberts Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky bergi dawasy sebäpli Eýranyň demirgazyk sebitlerinde akdyrylýan türkmen gazyny 1-nji ýanwarda kesipdi.

Bu Aşgabatda geçirilen üç günlük gepleşiklerden soň, gaz ibermegi geljekki bäş ýyla çenli uzaltmak, bergi meselesini bolsa geljek iki aýyň içinde çözmek barada ylalaşylandygy hakynda eýran tarapyndan ýaýradylan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen çözüp bilmedik meselesini halkara arbitraž sudunda çözmekçidigini öňe sürdi. Türkmenistanyň daşary işler ministrligi bolsa, Eýranyň Milli gaz kompaniýasyny bergi meselesinde “hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak” synanyşygynda aýyplady.

Bu aralykda, Eýranyň habar serişdeleri ozal türkmen gazy bilen üpjün edilen regionlarynyň häzir ýurduň öz gazy bilen üpjün edilip başlanandygyny mälim etdiler.

Galyberse-de, geçen ýylyň başynda Türkmenistanyň beýleki uly gaz hyzmatdaşy, Russiýanyň “Gazpromy” baha-nyrh we bergi dawasy üstünde, türkmen gazyndan ýüz öwürýändigini aýdypdy.

Bu ýagdaýlarda häzir türkmen gazy diňe Hytaý ugry boýunça eksport edilýär.

Türkmenistanyň energiýa hyzmatdaşlarynyň türkmen gazyndan ýüz öwürmegi bilen birlikde, soňky ýyllarda energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalary hem pese gaçypdy.

XS
SM
MD
LG