Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gülençidigi” öýüdülýän iki türkmen telekeçisine ýyl kesildi


Türkiýeli dinçi Fethullah Gülen.
Türkiýeli dinçi Fethullah Gülen.

Türkmenistanda türkiýeli dinçi Fethullah Gülen bilen ilteşiklidigi öýdülýän azyndan iki sany biznesmene suduň hökümi çykaryldy.

Azatlyk Radiosyna gowşan soňky maglumatlara görä, Resul Atageldiýew we Döwlet Ataýew babatynda suduň hökümi geçen ýylyň aýagynda çykarylypdyr. Emma, sud diňlenişiginiň ýapyk gapylaryň aňrysynda geçendigi sebäpli, bu baradaky maglumat diňe häzir belli boldy.

Şol bir wagtda-da, ýurtda tussag edilen beýleki onlarça telekeçiniň we türk okuw jaýlarynyň işgärleriniň ykballary nämälim bolmagynda galýar.

Azatlyk Radiosyna Resul Atageldiýewe we Döwlet Ataýewe türme tussaglygynyň berilendigi baradaky maglumaty ýurduň howpsuzlyk gulluklaryndaky çeşmeleriniň biri maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, Ataýewe bäş ýyl türme tussaglygy berilipdir. Atageldiýewe kesgitlenen tussag möhletini anyklap bolmady.

“Döwlet Ataýewe bäş ýyl türme tussaglygy berildi. Resul Atageldiýew barada anyk bir zady aýdyp biljek däl. Emma, oňa hem türme möhletiniň berilendigi anyk. Olara anyk haýsy madda boýunça aýyplamanyň ýöňkelendigi hem belli däl. Ýöne, bu ykdysady meseleler bilen bagly bolsa gerek. Bu sudlaryň ýapyk, has dogrusy gizlin görnüşde diýen ýaly geçýändigi sebäpli, adamlar bir zat soramakdan hem çekinýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berdi.

Resul Atageldiýew. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi suratdaky şahsyýetiň Resul Atageldiýewdigini aýdýar.
Resul Atageldiýew. Azatlyk Radiosynyň çeşmesi suratdaky şahsyýetiň Resul Atageldiýewdigini aýdýar.

Türkmenistandaky belli telekeçileriň türme möhletlerine höküm edilendikleri barada maglumaty başga ýene iki çeşme tassyklady.

Ýatladyp geçsek, Azatlyk Radiosy Fethullah Gülen bilen gatnaşygy bolandygy öýdülýän türkmen telekeçileriniň we türk okuw jaýlarynyň işgärleriniň azyndan onlarçasynyň tussag edilendigi barada Azatlyk Radiosy geçen ýylyň oktýabrynda habar beripdi.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri Ataýewiň we Atageldiýewiň hem Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen ilteşigi bolandygy üçin tussag edilendigini aýtdylar.

Maglumata görä, 40 ýaşly Döwlet Ataýew Aşgabatda “A-Market” atly iri dükanyň eýesi, 40 ýaşly Resul Atageldiýew bolsa paýtagtda “Merdem” atly dynç alyş merkezine we “Alpet” atly restorana eýeçilik edipdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy agzalan kärhanalaryň işgärleri bilen söhbetdeş boldy, olar öz ýolbaşçylarynyň birnäçe aý bäri ýokdugyny tassykladylar, emma nirededigini aýdyp bilmediler.

"Merdem" dynç-alyş merkezi
"Merdem" dynç-alyş merkezi

“Merdem” atly dynç alyş merkezine ýakyn çeşmeleriň biri Resul Atageldiýewiň “kynçylyklara” uçrandygyny aýtdy, emma takyk maglumat bermedi.

Geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Azatlyk Radiosy Türkmenistanda Fethulla Gulen bilen baglylykda başlanan repressiýalar barada ençeme maglumat taýýarlady. Türkiýäniň häkimiýetleri Guleni geçen ýylyň iýul aýynda prezident Rejep Taýyp Erdogany häkimiýet başyndan çetleşdirmek boýunça başa barmadyk agdarylyşygy amala aşyrmak synanyşygy gurnamakda aýyplaýarlar.

Azatlyk Raidosynyň çeşmeleri repressiýalara 150-den gowrak adamyň sezewar edilendigini habar berdiler. Olaryň esasan türkmen-türk mekdepleriniň we okuw merkezleriniň öňki işgärleridigi we häzirki wagtda tanymal türkmen biznesmenleridigi aýdylýar.

Geçen aýda “Fergana.ru” we “Eurasianet” neşirleri hem öz habarçylaryna salgylanyp, Türkmenistanda barha güýçlenýän repressiýalar barada habar beripdi. “Fergana.ru” soraga çekilen adamlaryň gynamalara sezewar edilendigini, netijede ölenleriň hem bolandygyny we polisiýanyň birnäçe ofiseriniň işden boşadylandygyny habar berdi.

“Eurasianet” neşri tussag edilenleriň ýakynlaryna salgylanyp, tutha-tutluklaryň, sorag edişlikleriň we gynamalaryň dowam edýändigini habar berdi.

“Gulen bilen gatnaşykda güman edilýän adamlary howpsuzlyk gulluklary 30-40 günläp tussag astynda saklaýarlar. Olary ýene biriniň adyny aýdýança dürli gynamalara sezewar edýärler. Eger kimdir biriniň adyny aýtmasaň, gözenegiň aňrysyndan çykyp bolmaýar” diýip “Eurasianet” neşri tussag edilenleriň biriniň tanyşynyň aýdanlaryny sitirleýär.

"Ýimpaş" söwda merkezi
"Ýimpaş" söwda merkezi

Geçen aýyň aýagynda Aşgabatdaky iri söwda we biznes merkezleri “Ýimpaşyň” ýapylmagynyň sebäbiniň olaryň eýesi Dursun Uýaryň gülençiler hereketi bilen güman edilýän gatnaşygy bilen baglydygy “Azatlyk Radiosyna” mälim boldy.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri ilkinji tutha-tutluklaryň Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Türkmenistanyň garaşsyzlyk baýramynyň bellenmegine gatnaşmak üçin garaşylan sapary bilen baglylykda başlanandygyny aýdýarlar. Emma Türkiýäniň prezidenti näbelli sebäplere görä Türkmenistana barmady.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky söhbetdeşleri energiýa serişdeleriniň bahasynyň pese gaçmagy we ýurduň ykdysady ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli Türkmenistanyň býudjet girdejisiniň esasy çeşmesi bolan tebigy gazyny satmak üçin täze ýollary gözleýändigini belleýärler.

Çeşmelerimiziň biri “prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ankaranyň we Moskwanyň arasynda planlaşdyrylýan “Türk akymy” proýektine gatnaşmaga mümkinçilik gözleýändigini” aýtdy we munuň üçin ençeme wagt bäri Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşmaga synanyşýandygyny belledi.

Türkmenistanda gülençiler bilen bagly tutha-tutluklar bolsa, ýurduň Erdoganyň göwnünden turmak üçin edilýän hereket bolmagy mümkin, diýip çeşmämiz belleýär.

Türkmenistanda türmä höküm edilen telekeçileriň ýurtda tanymal adamlar bolup, syýasy elitanyň içinde öz raýdaşlarynyň bolmagynyň olara ýardam bermändigi agzalan çaklamalaryň hakykata gabat gelýändigini belli bir derejede tassyklaýar.

XS
SM
MD
LG