Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Türkmenistan dünýäniň iň repressiw we ýapyk ýurtlarynyň biri


"Berdimuhamedowyň ýurt içinde edýän saparlarynda akyla sygmaýan zatlar bolýar." HRW
"Berdimuhamedowyň ýurt içinde edýän saparlarynda akyla sygmaýan zatlar bolýar." HRW

Türkmenistan dünýäniň iň bir repressiw we ýapyk ýurtlarynyň hataryna girýär we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugry prezident we onuň töweregi tarapyndan kontrollykda saklanylýar diýip, HRW guramasynyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

2016-njy ýylda kabul edilen täze konstitusiýa ömürlik prezidentlige mümkinçilik berýär.

Häkimiýetler syýasy ýa-da dini başga pikirliligiň islendik görnüşiniň öňüni alýarlar we informasiýany, maglumaty doly kontrollykda saklaýarlar. Oppozisionerler we olaryň maşgala agzalary, hatda emigrasiýada hem, hemişe režimiň öç almak howpy astynda ýaşaýarlar. Aktiwistleriň, syýasy emigrantlaryň garyndaşlarynyň we beýleki raýatlaryň ýurtdan çykmagyna näresmi, bikanun çäklendirme girizmek praktikasy saklanyp galýar. Onlarça adam, tussag hasaplanyp, zorlukly ýitirim edilmegiň pidasy bolmagynda galýar diýip, hasabatyň başynda aýdylýar.

Şahsyýet kulty

Adam hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýän gurama Türkmenistandaky şahsyýet kulty barada şeýle diýýär: «Ýurduň raýatlaryny döwlet çärelerine mejbury gatnaşdyrmak praktikasy saklanyp galýar we bu ýagdaý, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurt boýunça edýän saparlary barada aýdylanda, köplenç akyl-paýhasyň çäginden çykýar.

Düýbi Wenada ýerleşýän «Türkmen inisiatiwasy» toparynyň maglumatlaryna görä, aprelde Ahal welaýatynda dört maşgala, prezident bu ýerden gidýänçä, öz ýogalan garyndaşlaryny jaýlamaga hem rugsat bermediler.

Konstitusiýa reformasy

2016-njy ýylyň sentýabrynda Ýaşulular maslahaty we parlament täze konstitusiýany kabul etdi we onda prezidentlige kandidatyň 70 ýaşdan geçen bolmaly däldigi baradaky çäklendirme ýok we bu düzediş netijesinde ömürlik prezidentlige ýol açylýar. Prezidentlik möhleti bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldyldy we prezidentlik möhletleriniň sany boýunça çäklendirme ýok.

Täze konstitusiýada senzura gadagan edilmeýär we daşary ýurtlara erkin gitmek hukugy nazarda tutulmaýar. ÝHHG-nyň demokratik inistitutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň konstitusiýanyň proýekti boýunça beren rekomendasiýalary onuň gutarnykly redaksiýasynda öz beýanyny tapmady.

Raýat jemgyýeti

Häkimiýetler garaşsyz toparlara ýurtda adam hukuklaryny goramak işi bilen meşgullanmaga ýol bermeýärler. Ýerli garaşsyz guramalar hasaba alynmak mümkinçiligine bil baglap bilmeýärler, hasaba alynmadyk jemgyýetçilik guramasynyň, hökümetden aýry guramanyň işi bolsa gadagan.

Türkmenistan halkara hukuk goraýjylaryny ýurda goýbermeýär. Raýat aktiwistleri hemişe repressiýa edilmek gorkusy astynda ýaşaýar.

Diňe 2016-njy ýylyň oktýabrynda üç adam tussag edildi. Olaryň ikisi mejbury zähmete syn, monitring edýärdi: birini 10 gije-gündizden soň boşatdylar, beýlekisini kezzaplykda aýyplap, galplaşdyrylan iş esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler. Üçünji aktiwisti— Galina Wertýakowany bolsa, rus sosial ulgamlarynda Türkmenistandaky ýagdaýlar barada galdyran tankydy pikirleri üçin, galplaşdyrylan gorkuzyp pul almak aýyplamasy esasynda tussag etdiler. Ol şu hasabat taýýarlanýan mahalynda tussagda saklanýardy.

Hasabatyň raýat jemgyýetine degişli böleginde graždan aktiwistleri Akmuhammet Baýhanowa, Geldi Kärizowa weolaryň maşgala agzalaryna edilen basyşlar hem bellenip geçilýär.

Metbugat we maglumat azatlygy

Türkmenistanda metbugat azatlygy ýok diýip, HRW guramasynyň 2016-njy ýyla syn boýunça ýyllyk hasabatynda aýdylýar. Döwlet çap edilýän we elektron informasiýa, maglumat çeşmeleriniň ählisine kontrollyk edýär. Daşary ýurt habar serişdeleri bolsa ýurda örän seýrek ýagdaýda getirilýär we olaryň ýerli habarçylary häkimiýetler tarapyndan gazaply gysyşa sezewar edilýär HRW ýazýar.

Azatlyk radiosynyň we bosgunlykdaky «Türkmenistanyň Alternatiw habarlary» internet neşiriniň ştatdan daşary habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýew üç ýyllyk türme möhletini dowam etdirýär, ol 2015-nji ýylyň awgustynda galplaşdyrylan neşe aýyplamasy boýunça sud edildi. BMG-niň eden-etdilikli tussag etmeler baradaky işçi topary onuň parahatçylykly ýagdaýda pikirini aýtmak hukugyny ulanandygy üçin bikanun tussag edilendigini aýtdy.

2016-njy ýylyň oktýabryndapolisiýa Azatlyk radiosynyň habarçysy Soltan Açylowadan azyk nobatyna duran adamlary surata düşürendigi üçin düşündiriş talap etdi. Şondan az wagt soň ol näbelli adamlaryň hüjümine sezewar boldy, olar onuň elindäki kamerasyny hem aldylar. Açylowa agyr bolmadyk ten ýaralary hem salyndy.

«Human Rights Watch» guramasynyň bu waka barada metbugat üçin ýaýradan beýanatynyň yzysüre bolsa, nätanyş aýallar oňa topulyp, «Türkmenistany masgara edýäň» diýip gygyrdylar.

HRW guramasynyň hasabatynyň dowamynda Türkmenistanyň Belarusdan Şwesiýada ýaşaýan ozalky dissident Çary Annamyradowy özüne gowşurmagy talap edişi, raýatlaryň hususy çanak antennalaryny sökdürişi, ýurtda internetiň çäklendirilişi we berk hökümet kontrolynda saklanyşy hem bellenip geçilýär.

Hereket azatlygy

Iýun aýynda syýasy emigrantyň gyzy Aýjemal Rejebowa iki sany ýaş gyzy bilen daşary ýurtda ýaşaýan garyndaşlaryny görmäge rugsat berdiler. Ol şoňa çenli 13 ýyl ýurtdan çykarylman saklandy.

Emma 2016-njy ýylda syýasy emigrantlaryň garyndaşlary köplenç ýagdaýda ýurtdan goýberilmedi. Muňa Ruzimatowlar maşgalasyny, bosgunlykdaky ozalky resminiňgaryndaşlaryny, şeýle-de emigrasiýa giden telekeçiniň ogly Aýdogdy Gurbanowy goşmak bolar.

Dini azatlyk

Hasabatyň dini azatlyklaryň çäklendirilişi baradaky böleginde dini guramalary hasaba almak düzgünleriniň ozalkysyndan hem berkidilendigi, hasaba alynmadyk dini jemgyýetleriň gadaganlygyna galýandygy, şeýle-de Türkmenistanda alternatiw harby gullugyňhenizem ýokdugy we dini ynançlary esasynda hökmany harby gullukdan boýun gaçyranlaryň jogapkärçilige çekilýändigi, dini edebiýatlaryň konfiskasiýa edilýändigi we olaryň saklan adamlara jerime salynýandygy aýdylýar.

Syýasy tussaglar, zorlukly ýitirim bolma we adam gynamalary

Sud sistemasy açyk-aýdyň bolmadyk wagtynda, ynjyk işlere ýapyk sud seljerişliklerinde seredilende, syýasy sebäpler esasynda türmä basylan adamlaryň anyk sanyny kesgitlemek mümkin däl. Bu hili işlere garaşsyz monitoring geçirmek bolsa, gazaply repressiýa zerarly, mümkin däl.

2008-nji ýylda tussag edilen syýasy dissident Gulgeldi Annanyýazow 11 ýyllyk türme tussaglygyny dowam etdirýär. Emma oňa nähili günä bildirilendigi hatda maşgalasyna-da belli däl.

Saparmyrat Nyýazow döwründe gözenegiň arkasyna taşlanan onlarça adam bolsa, zorlukly ýitrim etmäniň pidalary bolup galýar. Häkimiýetler olaryň öz maşgala agzalary bilen aragatnaşyk açmagyna ýol bermeýärler, bu adamlaryň köpüsiniň ykbaly hem belli däl diýip, HRW guramasynyň 2016-njy ýyl boýunça ýyllyk hasabatynyň Türkmenistan bölüminde aýdylýar.

Hasabatyň mazmuny gysgaldylyp terjime edildi.

XS
SM
MD
LG