Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haram ölen mallaryň etleri ýarpy bahasyna satylýar


“Teker üstünde” satylýan bilen bazardaky towuklaryň arasynda tas ýarym esse baha tapawudy bar.
“Teker üstünde” satylýan bilen bazardaky towuklaryň arasynda tas ýarym esse baha tapawudy bar.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde towuklaryň çommaltma, gara mallaryň hem sibir başy wirusyndan köpçülikleýin ýagdaýda harap bolýandygy baradaky barha köpelýän maglumatlaryň fonunda, ýurduň merkezi şäherlerinde arzan elin towuk eti köpelip başlandy.

Azatlyk Radiosy Daşoguz, Lebap we Ahal welaýatlarynda hojalyk mallarynyň infeksiýa ýolugandygyna çalym edýän alamatlardan gyrylýandygy dogrusynda maglumat berenden soň, Radionyň redaksiýasyna bu ýagdaýlary başdan geçiren beýleki türkmenistanlylardan hem habarlar gelip başlady.

“Mundan bir hepde töweregi ozal biziň sygyrlarymyz hem haram öldi” diýip, balkanly maldarlaryň biri sosial ulgamlary arkaly gürrüň berdi.

Munuň bilen birlikde, häzir Aşgabatda welaýat belgili ulaglarda ýaşaýyş sebitlerine aýlanyp, elin towuk etini satýan ‘teker üstündäki söwdegärleriň” hem köpelendigine üns çekilýär.

“Soňky iki hepde töwereginde ulaglar bilen aýlanyp et satýan söwdagärleriň sany göz-görtele köpeldi. Olar bir günüň dowamynda hem ençeme gezek ‘arzan et bar’ diýip, aýlanyp gidýärler” diýip, Aşgabadyň Parahat 2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy Aman gürrüň berdi.

Aman “teker üstünde” satylýan bilen bazardaky towuklaryň arasynda tas ýarym esse baha tapawudynyň hem bardygyny nygtaýar. Bazardaky 1 kilogram towuk 20-22 manada durýan bolsa, elden satylýan towuk üçin 10-12 manat soralýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlynyň sözlerine görä, ilki adamlar arzan guş etine uly höwes bildiren bolsalar-da, öý mallarynyň haram ölýändigi baradaky maglumatlaryň peýda bolup başlamagyndan soň, beýle ete talabyň peselendigini nygtady.

“Arzan towuk ilki satylyp başlananda, ony almak üçin nobata duran onlarça adamlary görse bolýardy. Indi diňe iki-ýeke adam baryp alaýmasa, adamlar olardan gaça durýarlar” diýip, Aman sözüne goşdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosyna ynamdar çeşmelerden gowuşýan maglumatlara görä, ýurduň iň azyndan Lebap we Daşoguz welaýatlarynda haram ölen towuklaryň we mallaryň etleri ýarpy bahasyndan ýerli garbanyşhanalara satylyp başlanypdyr.

“Köneürgençde haram ölen mallaryň etini şäher merkezlerinde kebap, döner bişirýänlere satýarlar. Bazarda bir kilogram et 18 manat bolsa, harap bolan malyň eti 9 manada berilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmeleriniň biri aýdýar. Şeýle ýagdaýlaryň Lebap welaýatynda-da ýüz berýändigi dogrusynda ynamdar maglumatlar gowuşdy.

Galyberse-de, infesksiýa zerarly harap bolandygy adýylýan towuklaryň we gara mallaryň etleriniň satuwa çykarylmagy, olaryň abandyryp biljek howplary dogrusynda, ýurduň metbugatynda duýduryşlar we maglumatlar asla berilmeýär.

Türkmen häkimiýetleriniň bu etleriň ilata satylmagynyň öňüni almak boýunça nähilidir bir çäre görüp-görmeýändigi dogrusynda-da ýerli resmilerden hiç hili maglumat almak başartmady.

XS
SM
MD
LG