Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguz Berdimuhamedowy garşylamaga taýýarlanýar


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň merkezi Daşoguz şäheri prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň öň ýanynda; mejbury arassalaýyş işleri, bazarlardaky harytlaryň nyrhlaryna girizilen gözegçilik çäreleri bilen başagaý bolýarlar.

Ýatladyp geçsek, 12-nji fewralda geçiriljek nobatdaky prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda G.Berdimuhamedow ýurduň welaýatlaryna sapar edip, ýerli ilatyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýär.

Prezidentiň saparynyň öňüsyrasynda häzir Daşogzuň esasy köçeleri ýapylyp, býujet işgärleriniň çekilmegi bilen, ýollaryň boýundaky haşal otlary, zir-zibilleri aýyrmak ýaly tämizlik we jähekleri reňklemek işleri alnyp barylýar.

Häzir şäherde polisiýa we eli rasiýaly, raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleriniň sanynyň göz-görtele artandygyny-da synlasa bolýar. Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri howpsuzlyk wekilleriniň adaty raýatlara gödek çemeleşip, kä halatlarda paýyş sözleri hem ulanyp adamlary barýan ýolundan başga ugra sowulmagyny talap edýändiklerini gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, şäheriň bazarlarynda howpsuzlyk gulluklary ýörite aýlanyp, harytlaryň belli bir nyrhdan satylmagyna hem gözegçilik edip başlapdyrlar.

Mysal üçin, mundan bir hepde ozal 60 manada duran 50 litrlik günebakar ýagy häzir 45 manatdan satdyrylýar. Mundan ozal, azyk harytlarynyň gymmatlamagynyň fonunda ýurtda öndürilen 1 litrlik süýt 4-5 manada çenli galan bolsa, häzir ol 1 manada durýar.

Nyrhlaryň mejbury bir çäkde saklanmagy netijesinde daşoguzly telekeçiler indi söwdadan el çekip biljekdiklerini aýdaýarlar. “Biz uly zyýana galýarys. ‘Palan nyrhdan sat’ diýleni bilen, haryt özüni ödemeýär. Biz mundan artyk bu şertlerde işläp bilmeris” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran hususyýetçileriň biri gürrüň berdi.

Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, soňky hepdäniň dowamynda prezident G. Berdimuhamedow Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda saparda boldy. Bu 12-nji fewrala bellenen prezident saýlawlarynyň öň ýanyna, beýleki kandidatlaryň saýlawçylar bilen göni duşuşyk geçirýändigi aýdylýan wagtyna gabat geldi.

Üçünji gezek prezidentlik kürsüsine dalaş edýän Berdimuhamedowyň baran welaýatlarynyň ählisinde, dürli pudagyň wekilleri saýlawlarda hut oňa ses berjekdiklerine söz berdiler. Duşenbe güni Berdimuahmedow Lebaba baranda, ýerli gurluşykçylaryň wekilleri özleriniň “bagtytýar geljegini diňe Berdimuhamedow bilen görýändiklerini” nygtap, ähli gurluşykçylaryň hut oňa ses berjekdiklerini öňe sürdi.

Berdimuhamedow gurluşykçylar bilen geçiren duşuşygynyň bir pursadynda, ýygnanlaryň arasynda häzire çenli “Awazada” dynç alyp görmedikleriň barlygy ýa ýoklugy bilen gyzyklandy. Haçan-da märekeden biri elini galdyranda, prezident ony Hazaryň boýundaky dynç alyş zolagyna ugratmagy tabşyrdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, bu gezekki saýlawlara Demokratik partiýadan kandidat G.Berdimuhamedowdan başga ýene sekiz dalaşgär gatnaşýar. Döwlet mediasynyň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, şol dalaşgärler özleriniň çykyşlarynyň dowamynda ýurduň häzirki syýasatyny tankytlaman, eýsem ýurduň “dowamly gülläp-ösýändiklerini” öňe sürýärler. Resmi metbugatda Berdimuhamedowdan tapawutlykda olara ses berjekdigini aýdyp, çykyş edýän türkmenistanlylar hem görünmeýär.

XS
SM
MD
LG