Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Berdimuhamedowyň häkimiýetinde adam hukuklary has-da erbetleşdi’


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

“Human Rights Watch” guramasy BMG-niň Adam hukuklary boýunça Komitetiniň Türkmenistan boýunça diňlenişiginiň öňüsyrasynda ýaýradan beýanatynda, Türkmenistanyň dünýäniň iň bir repressiw we ýapyk döwletleriniň biridigine ünsi çekip, Azatlyk Radiosynyň ýurtdaky habarçylarynyň duçar bolýan kynçylyklaryny hem agzap geçýär.

Adam hukuklaryny goraýjy topar Türkmenistanyň Graždan we Syýasy hukuklar boýunça halkara Ylalaşygynyň göz öňünde tutýan şertlerini nä derejede berjaý edýändigini seljerip, soňky ýyllarda – türkmen emeldarlarynyň öňegidişligiň nyşany hökmünde häsiýetlendirýän – täze kanunlaryň kabul edilendigini, emma olaryň iş ýüzünde hiç hili berjaý edilmeýändigini ýa halkara standartlaryna laýyk gelmeýändigini aýdýar.

“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Hýu Williamson (Hugh Williamson) 2007-nji ýylda häkimiýete G. Berdimuhamedowyň geçmegi bilen ýurtda adam hukuklary meselesinde öňegidişligiň göze ilmeýändigini aýdýar.

“Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda, häzirki prezidentiň häkimiýeti döwründe ýurtda adam hukuklary meselesinde hiç hili özgeriş göze ilmeýär” diýip, Williamson Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde belledi.

Ol prezident Berdimuhamedow döwründe möhüm azatlyklara degişli käbir ugurlarda ýagdaýlaryň has-da ýaramazlaşandygyny hem nygtap geçdi: “Soňky on ýylyň içinde, mysal üçin, erkin syýahat, maglumatlardan peýdalanmak, garaşsyz guramalary döretmek ýaly ugurlar boýunça has-da köp çäklendirmeler girizildi”.

“Human Rights Watch” guramasynyň sişenbe güni ýaýradan beýanatynda belleýşi ýaly, Türkmenistanda syýasy tankyt bilen çykyş edýänler yzarlanýarlar we türme tussaglygyna höküm edilýärler.

Hasabatda türkmen häkimiýetleriniň ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän wakalar bilen baglanyşykly tussag edilenleriň ykbaly barada maglumat bermezligi hem alada döredijidigi nygtalyp geçilýär.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Komitetine ýollanan hasabatda Türkmenistanda media azatlygy diýen zadyň düýbünden ýokdugy; ýurtda garaşsyz, şol sanda Azatlyk Radiosynyň hem habarçylarynyň dowamly basyşlara we yzarlanmalara sezewar edilýändigi bellenilýär.

“Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Hýu Williamson ýokarda agzalyp geçilen ýagdaýlardan juda alada galýandyklaryny we bulary halkara jemgyýetçiligine ýetirmegiň möhümdigini aýdýar.

“Biz Türkmenistandaky [adam hukuklarynyň] ýagdaýyna diýseň alada bildirýäris. Biz bulary halkara jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirmek üçin tagalla ederis. Häzirki prezidentiň dolandyryşynda ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşyp başlandygyny synlasa bolýar” diýip, Williamson sözüne goşdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Komiteti Türkmenistanyň ýagdaýyna şu ýylyň 6-29-njy mart aralygynda Ženewada geçýän 119-njy sessiýasynyň dowamynda sereder.

XS
SM
MD
LG