Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Dollaryň ‘gara bazardaky’ nyrhy ýene gymmatlady


Türkmenistanda dollaryň "gara bazaryndaky" söwdagärler.
Türkmenistanda dollaryň "gara bazaryndaky" söwdagärler.

Aşgabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy ýene ýokarlandy. Mundan bäş gün ozal "gara bazaryň" söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 6 manat 80 teňňeden satyn alyp, 7 manada satan bolsalar, häzir ony 7 manatdan satyn alyp, 7 manat 30 teňňeden satýarlar.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň berýän maglumatyna görä, dollaryň "gara bazardaky" nyrhy geçen ýylyň ahyryndan bäri belli bir derejede öz nyrhyny saklap geldi. Emma geçen hepdäniň ortasyna dollaryň "gara bazardaky" bahasy ýene birden ýokarlandy.

Dollaryň "gara bazarynda" dollar söwdasyny edýän söwdagärleriň biri, adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen, Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda "gara bazarda" dollaryň bahasynyň ýokarlanmagyny ilatda dollara bolan islegiň artmagy bilen düşündirýär.

Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3 manat 50 teňňe möçberinde saklanyp galýan mahaly, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri dollaryň "gara bazardaky" nyrhynyň ýokarlanmagy barada maglumat ýa-da düşündiriş beremeýärler.

Türkmenistanyň banklarynda 2016-njy ýylyň ýanwar aýyndan bäri amerikan dollarynyň nagt satuwy doly ýatyryldy.

XS
SM
MD
LG