Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan orsýetlileriň az barýan ýurduna öwrüldi


Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagy
Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagy

Türkmenistan orsýetli turistleriň iň az syýahat edýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy.

15-nji fewralda Russiýanyň “AlfaStrahowaniýe” kompaniýasy 2016-njy ýylda orsýetli turistler tarapyndan iň az syýahat edilen ýurtlaryň sanawyny çap etdi.

Daşary ýurtlara gidýän syýahatçylar üçin taýýarlanylýan saglyk ätiýaçlandyryş statistikalaryna esaslanýan bu sanawda geçen ýyl orsýetlileriň dynç almak üçin iň az Kiribati respublikasyna (0,05%), Lihtenşteýne (0,25%) we Türkmenistana (0,3%) sapar edendigi mälim edilýär.

Ätiýaçlandyryş resminamalaryny taýýarlaýan “AlfaStrahowaniýe” kompaniýasynyň websaýtynda çap edilen maglumata görä, 2016-njy ýylda orsýetli turistler Angliýa, Palaua, Moldowa, San-Marino, Komoro adalaryna we Dominika respublikasyna hem seýrek sapar edipdirler.

Türkmenistanda tebigy ekskursiýalar, meselem, “Derweze” gaz kraterine saparlary gurnamak uly meşhurlyga eýe diýlip, “AlfaStrahowaniýeniň” maglumatynda bellenilýär.

Myhmanhanalar gurulýar, emma...

Resmi maglumatlarda geçen ýylyň ilkinji 9 aýynda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça 83 müňden gowrak syýahatça hyzmat edilip, 33 million manatdan gowrak girdeji alnandygy aýdylýar. Emma bu ýerde agzalýan syýahatçylaryň ýurduň içinden ýa-da daşyndan gelen syýahatçylardygy anyklaşdyrylmaýar.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň ýerli synçylary soňky döwürde millionlarça amerikan dollary möçberinde maliýe serişdesi sarp edilip gurlan Awaza syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalaryň aglabasynyň boşdugyny, bu ýere gelýän daşary ýurt syýahatçylaryň sanynyň örän çäklidigini belleýärler.

Mundanam başga, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir daşary ýurtly syýahatçylar Türkmenistana sapar etmegiň o diýen aňsat däldigini aýdyp, ony Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda wiza almasy iň kyn ýurt diýip atlandyrýarlar. Şeýle-de, ýurtda syýahatçylara hyzmat ediş pudagynyň hem entek o diýen kämil däldigi bellenilýär.

“Ýurdy görmekden mahrum edilýäris”

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň goňşusy Eýranda, Owganystanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda etniki türkmenleriň millionlarçasy ýaşaýar. Olaryň käbirleri hem Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde özleriniň taryhy ata watanyna her ýyl öz maşgalasy bilen gelip görmek isleýändigini, emma özleriniň seýle mümkinçilikden mahrum edilýändigini gürrüň berýärler.

“Türkmenistanyň hökümeti diňe häzirki syýasaty goldaýandygy aýdylýan adamlara wiza berýärler, umumy etniki türkmenleri ýurda eltmezlik barada näresmi berlen görkezmäniň bardygyna ynanýarys” diýip, daşary ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleriň käbirleri aýdýarlar.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan ýurda her ýyl gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň sanawy barada resmi statistika halk köpçüligine mälim edilmeýär. Şeýle-de, millionlarça dollar maliýe serişdesi sarp edilip gurulýan myhmanhanalaryň we syýahatçylyk desgalarynyň ol çykdajylary haçan we nähili ýagdaýda ödejekdigi hem aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG