Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň awtoritar prezidenti Berdimuhamedow kasam etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Gurbanguly Berdimuhamedow ýedi ýyllyk möhlet bilen üçünji gezek Türkmenistanyň prezidenti wezipesine kasam etdi.

17-nji fewralda Aşgabatda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda Berdimuhamedow sag elini ýurduň konstitusiýasynyň üstüne goýup, prezidentlik kasamyny ýerine ýetirdi.

59 ýaşyndaky Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen prezident saýlawynda sesleriň 97,69%-ni almak bilen, özüniň bu wezipede üçünji möhlete galmagyny üpjün etdi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy saýlawlara ses bermegä ukyply raýatlaryň 97%-den gowragynyň gatnaşandygyny mälim etdi. Emma Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabatdaky saýlaw okruglaryna sanlyja adamlaryň gelendigini gördüler.

Berdimuhamedow jemgyýetiň ähli ugurlaryny berk kontrollykda saklap, bu saýlawda onuň beýleki sekiz kandidaty ýeňmegi kepillendirildi.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, Türkmenistan öz garaşsyzlygyny alany bäri ýurtda halkara synçylary tarapyndan adalatly we erkin diýlip ykrar edilen ýekejede parlament ýa-da prezident saýlawlary geçirilmedi.

XS
SM
MD
LG