Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda öýsüz haýwanlar ýene ‘gynalyp öldürilýär'


Aşgabatda köçäniň ugrunda ýatan it

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabat şäherinde öýsüz haýwanlaryň gynalyp öldürilýändigi barada ýörite wideo çap etdi.

Bu neşiriň 20-nji fewralda ýaýradan wideo ýazgysynda, döwlet işgärleridigi aýdylýan elleri demir taýakly adamlaryň paýtagtyň köçelerinde öýsüz haýwanlary “awlap ýören” pursady görkezilýär. Olaryň narynç reňkdäki ýörite ýük ulagynda aýlanyp, oňa urlup-ýenjilip öldüren it-pişikleriň jesedini ýükleýändigi aýdylýar.

Ady agzalmaýan aşgabatly aktiwist tarapyndan ýazgy edilen wideoda döwlet belgili ýük ulagyň arkasyndan ganyň damjalaýan pursadyny hem görse bolýar.

Şeýle-de, wideonyň awtory öýsüz haýwanlaryň çagalaryň gözüniň öňünde ýowuz görnüşde öldürilýändigine ünsi çekip, öldürilen itiň jesedine seredip duran çagalary ýazga düşürýär.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri rus we iňlis dillerinde çap edilen bu wideonyň haýwanlary goramak baradaky fondlar we halkara guramalary üçin taýýarlanylandygyny aýdýar.

“Bu wideo ýazgy 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna agza ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetine hem ugradylar” diýlip, habarda nygtalýar.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri şäheriň it-pişiklerden “arassalanmagyny”, ýagny olaryň öldürilmegini sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek “Aziada 2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşdyrýar.

Emma şol bir wagtda-da, bu neşir öýsüz it-pişikler öldürilýän mahaly, türkmen häkimiýetleriniň “Aziada-2017” oýunlarynyň resmi tumary hökmünde ýaşyl reňkli alabaý itini saýlap alandygyna hem ünsi çekýär.

Soňky aýlarda paýtagtda öýsüz haýwanlaryň köpelendigini, munuň bolsa şäheriň dürli künjeklerinde alnyp barylýan jaý ýykyşlyklary bilen baglydygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar.

Tutulýan itler, ölen pişikler

Aýdylmagyna görä, şäheriň Çoganly, Şor ýa-da “8-nji mart” sebitlerindäki hojalyk, ýagny howly jaýlaryň ýykylmagy bilen, bu ýerdäki jaý eýeleri tarapyndan saklanylan itleriň we pişikleriň aglabasy häzirki wagt öýsüz.

Şäherde bu öýsüz haýwanlaryň köpelmegi bilen itleriň tutulyp, alnyp gidilýändigini, jaýlaryň girelgeleriniň golaýynda günde-günaşa diýen ýaly ölen pişikleriň jesetlerini hem görse bolýandygy aýdylýar.

“Geçen hepdäniň altynjy güni käbir adamlaryň köçedäki itlere çörek hödürläp, olary ýörite kapasaly ýük maşyna ýükläp gidenini gördüm. Ondan başga-da jaýlaryň golaýynda eýesiz pişikleriň ölüsini köp görse bolýar. Olar urlup däl-de, zäherlenip öldürilene meňzeýär. Şol pişiklere nämälim adamlar ýörite süýt ýa-da başga zat getirip berýändigini, şondan bir-iki gün soňam şol pişikleriň ölenini görýäris” diýip, aşgabatly Oraz aga Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda öýsüz haýwanlaryň gynalyp öldürilýändigi barada Azatlyk Radiosyna wagtal-wagtal maglumatlar gelip gowuşýar. Şonuň bilen birlikde, ýurtda öýsüz haýwanlara niýetlenen ýörite goraghananyň ýokdugy aýdylýar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG